Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl baýramçylyk günlerinde howa we demirýol gatnawlarynyň ugurlary artdyrylar

04:1523.12.2017
0
14037

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistanyň ulag ulgamoynyň Täze ýyl baýramçylyklary günlerinde ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň artdyryljakdygy barada hökümet mejlisinde habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Aşgabat-Kerki-Aşgabat, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary giriziler.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça baýramçylyk günlerinde içerki we daşarky gatnawlaryň sany artdyrylar. Şunlukda, Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça täze awia gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzda bolşy ýaly, halkara we şäherara ugurlary boýunça jemgyýetçilik ulagynyň gatnawlarynyň möçberleri artdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň