Soňky habarlar

Arhiw

Baýramçylyk günleri durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň sazlaşykly işi guralar

04:1223.12.2017
0
9504

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde jemagat hojalygy gulluklarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda kärhanalarynyň, jemgyýetçilik ulagynyň, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlerini guramagy üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen baýramçylyk günleri nobatçylyklary guramak, şeýle hem olaryň tertibini taýýarlamak meseleleerini ara alyp maslahatlaşmk üçsin maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welýat häkimlerine hem şeýle tabşyryk berip, baýramçlyk günlerinde her bir häkimlikde, ministrlikde we pudak edarasynda nobatçylaryň bellenilmelidigini tabşyrdy.

Wise-premýer B.Annameredowa tutuş ýurdumyz boýunça nobatçylyklary guramagyň tertibini taýýarlamak hem-de ähli degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna bolsa türkmenistanlylaryň Täze ýyl baýramçylyklaryny asuda we şatlykly ýagdaýda geçirmeklerini üpjün etmek üçin berk tertip – düzgüni üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň