Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji Prezident Saparmyrat Nyýazowyň muzeýi açyldy

15:5822.12.2017
0
16194

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.

Ir ertir bilen milli Liderimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül goýuldy. Onuň bu göreldesine bu ýere ýygnanan türkmenistanlylaryň müňlerçesi eýerdi.

Ýadygärlige gül desseleri goýlandan soň, döwlet Baştutanymyz Gypjaga ugrady.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň baky aram tapan ýeri bolan kümmete bardy we merhumy hatyralap, gül dessesini goýdy.

Milli Liderimiz çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýatlama gününiň bellenýändigini, şu mynasybetli sadaka berlip, aýat-töwür okalýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ägirt uly işleriniň halkyň hakydasynda ebedilik galjakdygyny belläp, milli Liderimiz onuň ýagty ýadygärligini hatyralap, açylýan muzeýde S.A.Nyýazowyň geçen zähmet hem-de ömür ýoly barada gürrüň berýän milli gymmatlyklaryň saklanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň bitiren işleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de hatyra çäresine gatnaşýandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hökümet agzalary bilen Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hem-de onuň ýakynlarynyň baky aram tapan ýerine bardy. Bu ýerde hem merhumlaryň hatyrasyna aýat-töwir okaldy.

Döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, ýurdumyzyň ilkinji ýolbaşçysy S.A.Nyýazowyň muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp döwlet işgäri barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, metjide tarap ugrady.

Çäre tamamlanan soň, milli Liderimiz hatyra dessuryna gatnaşandyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Şu gün gadymy milli däplere eýerlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşen Türkmenbaşy metjidiniň ýanyndaky sadaka dessurlaryny geçirmek üçin niýetlenen desgada Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna sadaka berilip, aýat-töwir okaldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň