Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gazy Hytaýa energetika çökgünliginiň öňüni almaga kömek eder

17:2420.12.2017
0
7335

Türkmenistanyň Amyderýa ýataklaryndan çykarylýan tebigy gazyň importunyň artmagy Hytaýyň şäherleriniň ilatly ýerlerini durnukly gaz bilen üpjün etmäge hem-de gyş möwsüminde ýylylyk ýetmezçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder. Bu hakynda HHR-iň belli gazetleriniň biri bolan «Ženmin žibao-nyň» iňlis dilinde çykýan «People’s Daily Online» gazeti ýazýar.

17-nji dekabrdaky statistik maglumatlara görä, CNPC (Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy) tarapyndan operatorlyk edilýän 101-nji guýuda «mawy ýangyjyň» çykarylyşynyň artdyrylmagy hem-de gazy gaýtadan işleýän iki sany stansiýalarynda işleriň depgininiň ýokarlandyrylmagy türkmen energiýa geçirijileriniň günlük eksportyny 5 milliona çenli artdyryp, 39 million kub metre ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Bu möçber diňe bir Pekiniň gaz sarp edilişini üçden birini doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, bir günde  63 müň tonna kömrüň hem ornuny tutýar. Bu bolsa atmosferanyň hapalanmagynyň derejesini peseldýär.

Indiki ýyl Korporasiýa ýene-de 6 sany guýyny işe girizmek arkaly Türkmenistandan iberilýän gazyň günlük möçberini40 million kub metre çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Hytaýda millionlarça öý hojalyklaryň kömür ulanmakdan ekologik taýdan arassa tebigy gaza geçmegi ýangyjyň bu görnüşine bolan islegi we onuň importyny dessine artdyrdy.

Täze gaz geçirijileriň işe girizilýänligini hem-de suwuklandyrylan tebigy gazy kabul etmek boýunça terminallaryň gurulýanlygyny nazara alsaň, geljekde hem bu ösýän ýörelge dowam eder. HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa gaz importy 26,5 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji rekord derejä deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň