Türkmenistanly mekdep okuwçylary Bakuwda geçirilen halkara bilim bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

23:0717.12.2017
0
11253

Aşgabatdaky Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň zehinli okuwçylary üstümizdäki ýylyň 10—15-nji dekabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýaş ýetginjekleriniň (16 ýaşyny doldurmadyk) arasynda geçirilen bilim bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Zehinli okuwçylary halkara bäsleşige taýýarlamakda mekdep- internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýewiň we himiýa mugallymy Nazar Mämmedowyň zähmeti uludyr.

Baku şäherinde geçirilen bilim bäsleşigine mekdep- internatyndan 3 okuwçy gatnaşyp, üçüsi hem üstünlikli çykyş etdiler. Halkara bäsleşige gatnaşan zehinli okuwçylar matematika, fizika, himiýa dersleri boýunça
güýç synanyşdylar. Halkara bäsleşige Russiýa Federasiýasy, Belarus, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Estoniýa Respublikalaryndan, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň we onuň welaýatlarynyň we merkezi şäherleriniň toparlary, jemi ýaş zehinleriň 76-sy öz bilim- başarnyklary bilen bäsleşdiler. Bäsleşik her bir okuwça matematikadan 4 mesele, fizikadan 3 mesele, himiýadan 3 mesele berlip, jemi dört sagat dowam etdi. Bäsleşikde mekdep-internatyň 10-njy synp okuwçysy Baýgeldi Çolukow kümüş, 9-njy synp okuwçylarymyz Nurmyrat Gadamow we Ýazgeldi Mülliýew bürünç medallara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň