Soňky habarlar

Arhiw

“Mary” ýarymfinala çykmak mümkinçiligini saklap galdy

17:3217.12.2017
0
943

Paýtagtymyzda dowam edýän futzal boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

“A’ toparçada “Ak bugdaý” topary ikinji tapgyrda hem özünden garaşylan oýny görkezmegi başardy. Birinji tapgyrda “Lebapdan” uly hasap bilen üstün çykan “Ak bugdaý” ikinji tapgyrda tejribeli “Deňizçi” bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnap, ýarymfinala çykmaga örän ýakyn geldi. “B” toparçanyň ikinji duşuşygynda “Migrasiýa” topary garaşylyşy ýaly “Lebapdan” 7:2 hasabynda üstün çykdy.

“B” toparçada duşuşan “Mary” bilen “Daşoguz” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda olaryň haýsynyň ýarymfinala bolan mümkinçiligini saklap galýandygy mälim bolmalydy. Bu duşuşykda ýeňlen topar wagtyndan öň ýarymfinal bilen hoşlaşmalydy. Şonuň üçinem, olaryň ikisi hem hüjümde dürs oýnadylar. Ikitaraplaýyn hüjümde geçen duşuşykda toparlar 8 topy geçirmegi başardylar. 4:4 hasabynda tamamlanan duşuşyk toparlaryň ikisine-de ýarymfinala çykmaga mümkinçilik goýdy. Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda “Galkan” “Talyp Sportdan” 5:4 hasabynda üstün çykdy. Ýeri gelende aýtsak, bu toparlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň Açyk çempionatynyň ikinji aýlawyndaky duşuşyk hem “Galkanyň” peýdasyna tamamlanypdy. Iki tapgyrdan soň “Galkan”6 utuk toplap, birinji orna geçdi. 4 utugy bolan “Talyp Sport” topary ikinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň