Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Kembrij uniwersitetiniň ilkinji ygtyýarlandyrylan dükany açyldy

11:5517.12.2017
0
7360

Daşary ýurt dilleriniň öwrenilmeginiň häzirkizaman usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen “Dalçyn” HK Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Munuň özi türkmen kärhanasyna Beýik Britaniýanyň esasy okuw mekdepleriniň biri bilen ýurdumyzda okuw sapaklarynyň ilkinji resmi wekili bolmaga mümkinçilik berdi.

Kembrij uniwersitetiniň Türkmenistanda ilkinji ygtyýarlandyrylan edebiýatynyň dükanynyň açylmagy oňyn hyzmatdaşlygyň netijesi boldy. Bu ýerde alyjylara diňe bir okuw we usulyýet esbaplary däl-de, iňlis dilinde çeper edebiýat, syýahatçylyk pudagynda, awiasiýada, nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarda ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça okuw gollanmalary hödürlenilýär.

Dükanyň açylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, “Dalçyn” bilim merkeziniň mugallymlary we dil merkeziniň köpsanly diňleýjileri gatnaşdylar.

Dükanda her bir okuw kitaby audio disk bilen bilelikde satylýar, ol ussat diktoryň nusgawy dilde we takyk gürleýän tekstini diňlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem edebiýatlar diliň nazaryýet ugurlaryny aňsat özleşdirmäge ýardam edýän hem-de tejribede alnan bilimleri ulanmagyň dürli usullaryny görkezýän gysga wideofilmler bilen üpjün edilendir.

Dükandan başga-da iňlis medeniýetine mahsus bolan dürli nyşanlar bilen bezelen “Altyn alaf” kafesi açyldy. Dil okuwlarynyň diňleýjileri dumanly Albionyň gurşawyna aralaşyp, yzygiderli okuwdan soň dynç alyp, ussat aşpezleriň taýýarlan iňlis tagamlaryndan we süýjüliklerinden dadyp bilerler, şeýle hem dürli içgileriň onlarçasyndan lezzet alyp bilerler.

Bu ýerde Serişdeler merkezi hem bolup, bilim alýanlar gyzykly edebiýatlar bilen tanşyp, gazetleri, žurnallary we beýleki makalalary okap, alan maglumatlaryny ara alyp maslahatlaşyp, filmlere tomaşa edip özlerinde galan täsirleri paýlaşyp bilerler. Bularyň ählisi öwrenilýän diliň dünýäsine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Halkara bilim düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň daşary ýurtly hünärmenlerini we dilçileri çagyrmak arkaly hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini bellemek gerek, olar Merkeziň diňleýjileri we işgärleri üçin sapaklary geçýärler. “Dalçin” Kembriž uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iňlis diliniň çuňňur öwrenilmegini okatmagy meýilleşdirýär.

Bu ýerde geçirilýän dil öwrenmek boýunça dersleriň aýratynlyklary bilim alýanlaryň arasynda daşary ýurt dilinde gatnaşyklary ýola goýmak arkaly alynan bilimleri tiz özleşdirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Toparlardaky diňleýjileriň sany 15 adamdan geçmeýär, bu bolsa mugallymlara olaryň her birine ýeterlik üns bermäge mümkinçilik döredýär.

Merkeziň mugallymlarynyň öz öňünde goýýan esasy wezipesi – her bir diňleýjä aýratyn çemeleşmek bilen gysga wagtyň içinde dilleri netijeli öwretmek bolup durýar. Meselem, okuwa täze başlanlar üçin iňlis dilini öwrenmek boýunça maksatnama alty tapgyra bölünýär hem-de 18 aýdan köp wagty almaýar. Merkeziň has taýýarlykly diňleýjileri okuwlary gysgaldylan maksatnama boýunça tamamlap bilerler. Okuwyň tapgyryny geçenler degişli derejede tagalla edenlerinde bilimleriň we tejribäniň goruna eýe bolarlar. Munuň özi işe hem-de daşary ýurt okuw mekdeplerine girmek üçin zerur bolan IEL TS halkara ölçeglerine laýyklykda synaglary tabşyrmaga mümkinçilik berer.

Dürli ýaşdaky toparlaryň daşary ýurt dilini kabul etmek aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuwlar üç tapgyra bölünýär: 7-12, 13-19 ýaşdaky hem-de 20 ýaşdan ýokary diňleýjiler üçin niýetlenendir. Çagalar üçin okuwlar bäsleşikleri hem-de okuwy has ýeňil özleşdirmek üçin işlenip taýýarlanylan özboluşly bilim berýän tehnikalary peýdalanmak bilen oýun görnüşinde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň