Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal çempionaty: 1-nji günüň netijeleri

00:2316.12.2017
0
8104

Ýurdumyzyň welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda futzal boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Birinji tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biri bolan “Migrasiýa” bilen “Deňizçi” toparlarynyň arasyndaky oýun garaşylyşy ýaly çekeleşikli ýagdaýa eýe boldy. Çempionatyň öňüsyrasy düzümini tejribeli oýunçylar bilen güýçlendiren paýtagtymyzyň “Migrasiýa” topary goragda dürs oýnap, garşydaşynyň derwezesine jogapsyz toplaryň ikisini geçirmegi başardy. Netijeli urgularyň ikisini hem toparyň iň tejribeli oýunçysy Merdan Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.

“A” toparçadaky birinji duşuşygyny ýokary derejede geçiren “Ak bugdaý” topary “Lebaby” 11:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

“Galkan” bilen “Talyp Sport” toparlary hem birinji tapgyry ýeňiş bilen tamamlap, “B” toparçada öňdäki orna geçmegi başardylar. Eger-de, “Galkan” “Daşoguzdan” çekeleşikli geçen duşuşykda 2:1 hasabynda üstün çykan bolsa, onda “Talyp Sport” topary “Mary” toparyny 9:1 hasabynda ynamly ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Birinji tapgyrdan soň ýaryş tertibi:

"A" toparça

1. Ak bugdaý 1/3

2. Migrasiýa 1/3

3. Deňizçi 1/0

4. Lebap 1/0.

"B" toparça

1. Talyp sporty 1/3

2. Galkan 1/3

3. Daşoguz 1/0

4. Mary 1/0.

Nobatdaky tapgyryň duşuşyklary:

16.12.2017 ý. II tapgyr

1. Daşoguz - Mary 09:00

2. Galkan - Talyp sporty 10:30

3. Lebap - Migrasiýa 12:00

4. Ak bugdaý - Deňizçi 13:30.

“Daşoguz” – “Mary”

09:00

6.

“Galkan”–“Talyp Sport”

10:30

7.

“Lebap”– “Migrasiýa”

12:00

8.

“Ak bugdaý” –“Deňizçi”

13:30

“Daşoguz” – “Mary”

09:00

6.

“Galkan”–“Talyp Sport”

10:30

7.

“Lebap”– “Migrasiýa”

12:00

8.

“Ak bugdaý” –“Deňizçi”

13:30

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň