Soňky habarlar

Arhiw

AFK klublaryň arasyndaky ýaryşlaryň baýrak gaznasyny artdyrdy

00:1416.12.2017
0
938

Aziýanyň futbol konfederasiýasy öňümizdäki möwsümden başlap Çempionlar ligasynyň hem-de AFK kubogynyň baýrak gaznasyny artdyrandygyny mälim etdi. Öňümizdäki möwsümden başlap, AFK Çempionlar ligasynyň baýrak gaznasy 6 million dollar, AFK kubogynyňky bolsa 2,25 million dollar möçberinde bolar — diýlip, TFF-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, eger-de şu ýyl AFK Çempionlar ligasynyň ýeňijisi 3 million dollar, finalçysy 1,5 million dollar alan bolsa, onda öňümizdäki möwsüm Aziýanyň iň abraýly bäsleşiginiň ýeňijisine 4 million dollar, finalçysyna bolsa 2 million dollar gowşurylar.

AFK Kubogynyň ýeňijisi 2018-nji ýylda 1,5 million dollar, finalçysy 750 müň dollar möçberindäki pul sylagyna mynasyp bolar. 2016-2017 futbol möwsümlerinde Aziýanyň ikinji derejeli kubok bäsleşiginiň baýrak gaznasy ýeňiji üçin 1 million dollar, finalçy üçin 500 müň dollar möçberinde kesgitlenilipdi.

Ýeri gelende aýtsak,  AFK Kubogy-2018-de türkmen toparlarynyň ikisi – “Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň