Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň halkara ölçegleri ornaşdyrylar

23:4815.12.2017
0
3361
Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň halkara ölçegleri ornaşdyrylar

Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygyň milli ulgamy halkara ölçeglerine laýyk getirler. Munuň üçin 2018-nji ýylyň dowamynda usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak, maglumat üpjünçiligini ornaşdyrmak, öňdebaryjy maliýe düzümleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny guramak ýaly işleri goşmak bilen taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Maliýe hasabatlylygyň halkara ölçegleriniň peýdalanylmagy daşarky bazarlara çykmakda möhüm düzümler bolup durýar, munuň özi Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde aýratyn möhümdir.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň