Soňky habarlar

Arhiw

Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar

23:4215.12.2017
0
7419

Turgundy bekediniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy meýilnama laýyklykda barýar. Bular barada ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer B. Annameredow hökümetiň mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Demir ýol gurluşykçylarynyň şu günlerdäki iş depgini işleriň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün eder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek, onuň durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, sebit we halkara düzümleýin taslamalara netijeli goşulyşmagyny gazanmak boýunça tagallalary has-da işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz polat ýoluň gurluşygy barada aýdyp, bu taslamanyň Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly depgin berjekdigini belledi. Wise-premýere bu demir ýoluň, şeýle hem hemme ugurdaş düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamaga degişli tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň