Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky sungat sahnalary Täze ýyla taýýar

23:2815.12.2017
0
8366

Ýakynda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Medeniýet bölüminiň ýanyndaky halk tearty ýazyjy Abdykerim Berdiliýewiň adybir powesti esasynda "Ene gadyry" atly sahna oýnuny ilkinji gezek tomaşaçylara görkezdi. Üç aktly täze sahna eserinde döredijilik toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Hümmedowyň  täzeçe çemeleşmeleri göze ilýär. Sahna oýny maşgala bagtynyň goragyny esasy tema edinipdir.

"Altyn asyr: Türkmenistan" saýtynda-da habar berlişi ýaly, etrabyň Medeniýet bölüminiň sahnasynda görkezilen täze oýun sungatyň muşdaklaryna Täze ýyl sowgady boldy. Sahnada baş keşbi — Ýaran aganyň keşbini oba mekdebiniň mugallymy Hudaýberdi Ataýew ýerine ýetirdi.

Bu teatr demirgazyk welaýatyň iň meşhur höwesjeňler teatrlarynyň biridir. Täze oýunlary sahnalaşdyrmaga sungat işgärlerinden daşary hem etrabyň dürli kärlerde işleýän ýaşaýjylary hem işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýyl bu teatr halk teatrlarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň hem ýeňijisi boldy. Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri öz janköýerlerine hemişe kämil eserleri hödürlemegiň aladasynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň