Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady

23:2815.12.2017
0
8779

15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S. Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllarda üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň gadymy we orta asyr taryhyna degişli ýadygärliklerde tapylan arheologik gymmatlyklaryň esasynda arheologiýanyň, arhitekturanyň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkymyzyň medeni mirasyna bagyşlanan beýleki eserlerini wagyz etmek maksadynda tele we radioýaýlymlar boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Şeýle hem ylmy maslahatlary geçirmek, çeper we dokumental filimleri surata düşürmek göz öňünde tutulýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen arheologik, medeni-taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerinden başga-da, toplumlýayn dikeldiş işlerini geçirmek meýilleşdirildi. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany makullap hem-de ony tassyklamak hakynda Karara gol çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny wagyz etmek hem-de onuň bilen bagly milli taryhy-medeni baýlygy giňden ýaýmaga gönükdirilen iri çäreleri geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň