Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda täze aýna kombinaty önümleriň synag görnüşlerini çykaryp başlady

23:1515.12.2017
0
5772

Aýna önümçiligi üçin esasy çig-mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini taýýarlamak boýunça fabrigi öz içine alýan iri senagat toplumynyň gurluşygyna 2015-nji ýylda badalga berildi. Taslama ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän gurluşyk serişdelerini çykarmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Aýnany flotasiýa usuly bilen öndürmek ýurdumyz üçin senagat tehnologiýalarynyň täze görnüşleriniň biridir. Kärhananyň tehnologiki ulgamlary çig maly taýýarlaýan, eredýän, dürli ölçeglerdäki we galyňlykdaky aýnalary öndürýän, taýýar aýna önümlerini öndürýän bölümleri öz içine alýar. Zawod aýna önümleriniň 7 görnüşini, şol sanda umumy möçberi ýylda 7,2 million inedördül metr bolan penjireler we aýna toplumlary üçin aňyrsy görünýän we garaldylan, daşy örtülen we çydamly görnülerini, miweli içgiler üçin aňyrsy görünýän we renkli aýna gaplaryň dürli görnüşleriniň 85 million birligini, 0,3 litrden 3 litre çenli möçberli lukmançylyk enjamlar üçin gaplary öndürmäge niýetlenendir.

Döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary bilen, öndürýän önümleriniň hili we görnüşleri boýunça kärhana ýokary bäsdeşlige ukyply bolup, ol bazaryň bu ugurda geljegi uly bolan ugurlaryny nazarlaýar. Bu kärhananyň taslama kuwwatlygyna çykarylmagy degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmaga hem-de onuň daşary ýurtlara ugradylmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň