Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

10:5015.12.2017
0
6916

Aşgabatda türkmen-amerikan işewür geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň “Westport Trading Europe”, “Oхbow Sulphur”, “General Elektriс”, “Elizapov Сonsulting Group”, “Сase New Holland”, “Jonh Deere”, “Niсlaus Desing”, “Boeing”, “Сoсa-сola” kompaniýalarynyň we Memfis uniwersintiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, mejlise gatnaşyjylar 2007-nji ýylda milli Liderimiziň teklibi boýunça döredilen Işewürler geňeşiniň ähmiýetini nygtadylar. Döredilen gününden bäri bu düzüm Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Geňeş tarapyndan yzygiderli guralýan maslahatlar netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hem-de döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.

Halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklaryny täze tehnologiýalary we dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň we hususy telekeçilige goldaw bermegiň esasynda alnyp barylýan işler häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady syýsatynyň esasy ugry bolup durýar.

Myhmanlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugrulary we wezipeleri bilen tanyşdyryp, çykyş edenler daşary ýurtlardan getiilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we ýurdumyzyň eksport möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde gurluşyk, himiýa, durmuş we beýleki ugurlara degişli we ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän önümleri çykarýan kärhanalaryň işe girizilmegini nazarlaýan onlarça taslamalaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Ýakyn geljek üçin ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen işler tebigy serişdeleri toplumlaýyn esasda peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga şert döreder.

Daşary ýurt maýadarlarynyň, daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň işiniň hukuk taýdan goralmagy bilen baglanyşykly meseleler hem çykyşlarda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýe serişdeleriniň goýberilişini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümiň ösdürilýändigi, maýadarlaryň hukugyny goramak boýunça halkara kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk binýadyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi.

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, çykyş edenlder ýurdumyzyň iri maýa goýumlarynyň çekilmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, döwrebap tehnikalaryny we enjamlaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň bäsleşige ukyply harytlaryny Amerika eksport etmäge taýýardygy aýdyldy.

Geňeşiň nobatdaky mejlisiniň plenar maslahatlarynda ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Häzirki döwürde Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, dünýäniň kuwwatly nebitgaz düzümi bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Köp şahaly turba geçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň ugradylmagyny üpjün etmäge ukyply ulag düzüminiň köpugurly esasda ösdürilmegi ýurdumyz üçin energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy meselesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylara häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän we işewür gatnaşyklar üçin uly geljegi bolan taslamalar hakynda maglumat berildi.

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmekde gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Çykyşlarde bellenilişi ýaly, Türkmenistan ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak, häzirkizaman logistik merkezleri emele getirmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalary edýär.

Mejlisde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň haryt dolanyşygyny has-da ýokarlandyrmaga ukyply sebitleýin üstaşyr merkez hökmündäki abraýynyň barha ýokarlanýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi we Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek boýunça soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Söwda-ulag düzümini öslürmegiň geljegi uly taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanda howa, deňiz menzilleriniň, demir ýollaryň, awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň depginleriniň ýokarlanýandygyna oňyn baha berdiler.

Maliýe-bank pudagynda, himiýa senagatynda, gurluşykda, energetika ulgamynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda ýola goýulýan gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler toplumyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem mejlisde ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň saýlap alan täzeçil ugry ähli pudaklaryň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny talap edýändigini, şeýlelikde, döwrebap taýýarlygy bolan, döredijilikli pikirlenip bilýän, ylmy-tehniki ösüşiň ähli ulgamlary boýunça erkin baş çykaryp bilýän ýaşlaryň terbiýelenmegini talap edýändigini belläp, çykyş edenler bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny aýratyn nygtadylar.

Mejlise gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylygy ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalary bilen baglylykda, uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Öz nobatynda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň wekilleri innowasiýalar ulgamynda baý tejribä eýe bolan amerikan kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ABŞ-nyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda düýn geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň