Soňky habarlar

Arhiw

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” toparçalaýyn bäsleşikden çykyş eder

11:4714.12.2017
0
1230

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary 2018-nji ýylda geçiriljek AFK kubogyndaky ýoluny “Merkezi” zolagyň “D” toparçasyndan başlar.

“Altyn Asyr” topary tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda bassyr dördünji çempionlygyny gazanmagy başardy. Şol sebäpli hem toparçalaýyn bäsleşikde çykyş etmäge hukuk gazanan paýtagtymyzyň topary toparçadaky esasy bäsdeşi täjikleriň “Istikloly” bilen 14-nji martda Türkmenistanda, 16-njy maýda bolsa Duşenbe şäherinde garşylaşar.

Şeýlelikde “D” toparçasynda çempion toparlaryň üçüsi – “Altyn Asyr” (Türkmenistan), “Istiklol” (Täjigistan), “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) hem-de 20-nji fewralda mälim boljak pleý-off oýnunyň ýeňijisi çykyş ederler.

AFK kubogynyň deslapky tapgyrynyň duşuşyklary 2018-nji ýylyň 23-nji hem-de 30-njy ýanwarynda geçirilip, onda Gyrgyz Respublikasynyň kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoýy” bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony “Ahal” toparlary duşuşarlar. Deslapky tapgyryň ýeňijisi pleý-off oýnunda Täjigistanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony hem-de kubogynyň eýesi “Hujand” topary bilen güýç synanyşar. Pleý-off oýnunyň birinji duşuşygy 13-nji fewralda Bişkekde ýa-da Türkmenistanda, jogap oýny bolsa 20-nji fewralda Hujand şäherinde geçiriler.

AFK kubogynyň Merkezi zolagynda toparçalaýyn bäsleşiklere 7-nji martda badalga berlip, 16-njy maýa çenli dowam eder. Diňe toparçanyň ýeňijisi kubok bäsleşigini dowam etmäge mümkinçilik alar. AFK kubogynyň final duşuşygy 27-nji oktýabrda geçiriler.

AFK kubogy-2018

Deslapky tapgyr. Birinji duşuşyk

23.01.2017 (sişenbe)

«Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) – «Ahal» (Türkmenistan)

Deslapky tapgyr. Jogap duşuşygy

30.01.2017 (sişenbe)

«Ahal» (Türkmenistan) – «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy)

 

Pleý-off. Birinji duşuşyk

13.02.2017 (sişenbe)

 «Dordoý»/«Ahal» jübütiniň ýeňijisi – «Hujand» (Täjigistan)

Pleý-off. Jogap duşuşygy

20.02.2017 (sişenbe)

 «Hujand» (Täjigistan) – «Dordoý»/«Ahal» jübütiniň ýeňijisi

 

 «D» toparça

1-nji tapgyr

07.03.2017 (çarşenbe)

«Istiklol» (Täjigistan) – Pleý-offyň ýeňijisi

«Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) – «Altyn Asyr» (Türkmenistan)

 

2-nji tapgyr

14.03.2017 (çarşenbe)

 «Altyn Asyr» (Türkmenistan) – «Istiklol» (Täjigistan)

Pleý-offyň ýeňijisi – «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy)

 

3-nji tapgyr

11.04.2017 (çarşenbe)

«Istiklol» (Täjigistan) – «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy)

Pleý-offyň ýeňijisi – «Altyn Asyr» (Türkmenistan)

 

4-nji tapgyr

25.04.2017 (çarşenbe)

«Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) – «Istiklol» (Täjigistan)

«Altyn Asyr» (Türkmenistan) – Pleý-offyň ýeňijisi

 

5-nji tapgyr

02.05.2017 (çarşenbe)

Pleý-offyň ýeňijisi – «Istiklol» (Täjigistan)

«Altyn Asyr» (Türkmenistan) – «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy)

 

6-njy tapgyr

16.05.2017 (çarşenbe)

«Istiklol» (Täjigistan) –  «Altyn Asyr» (Türkmenistan)

«Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) – Pleý-offyň ýeňijisi 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň