Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liganyň 25-nji möwsümi "Altyn asyryň" dördünji çempionlygy bilen tamamlandy

11:3214.12.2017
0
2689

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 35-nji tapgyrynda bassyr dördünji çempionlygyny gazanan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary çempionatymyzy ýeňiş bilen tamamlady — diýip, TFF-nyň resmi saýty habar berýär.

36-njy tapgyryň çäginde Daşogzuň “Turanyny” kabul eden paýtagtymyzyň topary jogapsyz toplaryň dördüsini geçirmegiň hötdesinden geldi. “Altyn Asyra” ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (2), Murat Ýakşiýew hem-de Mekan Aşyrow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ikinji orna mynasyp bolan “Ahal” topary soňky tapgyryň duşuşygynda öz meýdançasynda “Aşgabat” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Balkanabat şäherinde geçirilen Balkan welaýatynyň derbisinde ýeňiş “Şagadamyň” tarapynda boldy.

 36-njy tapgyryň netijeleri:                      

“Ahal” – “Aşgabat” – 1:1

Gollar: ‘84 Myrat Annaýew (“Ahal”) – ‘62 Azadi Annadurdyýew (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: ‘34 Hoşgeldi Hojowow (“Ahal”) – ‘66 Batyr Berdiýew, ‘68 Kemal Kurbanow, ’86 Döwletmuhammet Jollatow, 90+1 Surožiddin Jumaniýazow, 90+5 Durdymyrat Sähetmyradow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş)

Gözegçi emin: Rubik Danelýan (Aşgabat ş)

Tomaşaçy: 200

 

 “Energetik” – “Köpetdag” – 0:3

Gollar: ’16,’47,’87 Berdi Hotdyýew   

Duýduryşlar: ’46 Parahat Jumanazarow; ’71 Selim Ataýew, ’90 Melis Rizaýew (“Energetik”) – ’30 Öwezbaý Muhammetmyradow, ’42 Döwletmyrat Döwletmyradow, ’82 Baýramgeldi Nurlyýew, ’86 Orazmuhammet Işangulyýew, ’90 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş)

Duşuşygyň emini: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş)

Tomaşaçylar: 200

                                                              

“Balkan” – “Şagadam” – 1:2                       

Gollar: ’52 Hemra Amanmamedow (“Balkan”) – ’44 (11 m.j.u) Begenç Annagurbanow, ’87 Myratberdi Berenow (“Şagadam”)

“Balkanyň” oýunçysy Aşyrgeldi Ilýasow 8-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Duýduryşlar: ’33 Arslan Paizow, ’81 Mekan Saparow (“Balkan”) – ’16 Damar Batyrow, ’90 Myrat Hamraýew; ‘90+3 Begenç Annagurbanow (“Şagadam”)  

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş)

Tomaşaçylar: 200

 

“Altyn Asyr” – “Turan” – 4:0

Gollar: ’55, ’65 Mihail Titow; ’64 Murat Ýakşiýew; ’80 Mekan Aşyrow (“Altyn Asyr”)                   

Duýduryş: ’15 Izzat Hudaýbergenow (“Turan”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: Saparmämmet Gurbanow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Batyr Urazsahatow (Aşgabat ş)                

Tomaşaçylar: 50

Dynç: “Merw”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň