Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini olaryň hünär baýramçylygy bilen gutlady

05:3014.12.2017
0
6648

Türkmenistan tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji döwlet hökmünde ykrar edildi. Biz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan durmuşyny has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, bütin adamzadyň ýagty geljegine gönükdirýäris. Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar, göz öňünde tutulýan maksatnamalar oňa aýdyfi şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň başlangyçlary bilen amala aşyrylan we bu günki günde durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan- Hindistan» gaz geçirijisi hem şeýle uly taslamalaryň hatarynda durýar. Geljekde hem gaz geçirijileriň täze taslamalaryny durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolar. Hut şonuň üçin hem, biz ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz toplumyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris.

Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda geçen ýyllarda düýbi tutulan gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki döwürde tebigy gazdan alynjak iň zerur önümleri öndürýän toplumlaryň gurulmagy, geljekde ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistan halkara energetika syýasatynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär we özüniň omuny has-da berkidýär. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen bagly halkara çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Turkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň gujur- gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde, uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemekde, agtarmakda, tapmakda, täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, guýulary çuň burawlamakda we ýataklary özleşdirmekde, ylmyft soňky gazananlaryny önümçilige omaşdyrmakda, nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işleriň depginini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmekde we bu hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümçiligi ýola goýmak bilen, täze önümleri öndürmekde uly işler amala aşyryldy.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatynda geljekde öňde goýlan wezipeler, durmuşa geçirilmeli iri taslamalar köp. Nebitgaz we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda meýilleşdirilen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn — diýlip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň