Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Filippinleriň ilçisi işläp başlady

04:4814.12.2017
0
4615

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Filippinler Pespublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wilfredo S.Santosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Filippinleriň doly ygtyýarly wekili düýn giňden bellenilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we ähli halkyna gutlaglaryny we mähirli arzuwlaryny aýtdy hem-de özüne ynanylan işleri parahatçylyk dörediji ýurtda mynasyp ýerine ýetirmegi hormat hasaplaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda ilçä döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasaty bilen baglylykda babatda Türkmenistanda geçirilýän özgertmeleriň uly möçberlidigi barada habar berildi. Hususan-da, ýaşlar syýasaty babatda görülýän çäreler, ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek, ylym-bilim ulgamyny, şeýle hem sport syýahatçylygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem dünýäde milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça işler barada habar berildi.

Diplomat Mejlisiň düzümi hem-de köptaraply işi, alnyp barylýan demokratik özgertmeler babatda onuň tutýan orny bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Ol ýerde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň