Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

17:3413.12.2017
0
8127

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, türkmen döwletiniň Baştutany kaşaň Binanyň ýanynda ajaýyp gül sebedini goýýar.

Milletiň LIderiniň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar binanyň etegine ajaýyp gül desselerini goýdular. Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançadaky adamlaryň akymy sanlyja wagtdan bu künjegiň al-elwan güllere beslenmegini şertlendirdi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurduň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň