Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

14:3313.12.2017
0
11626

12-nji dekabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresi “Dokmaçylar” folklor toparynyň “Bitarapdyr Arkadagly Diýarym!” atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Onda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten derejesi öz beýanyny tapdy.

Dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bu ýerde guralan konsertiň özenini düzdi. Ol mähriban topragymyzyň nurana geljeginiň bähbidine ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyny öňe sürýär. Türkmen halkyna mahsus bolan belent ruhy gymmatlyklar zehinli sungat ussatlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.

“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan sazly - sahna çykyşy asyrlaryň dowamynda diňe bir halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde däl, eýsem, medeni taýdan kämilleşmekde, ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu gadymy ýoluň medeniýetleriň gatnaşygyny ýola goýmakda möhüm orun eýeländiginiň özboluşly beýany boldy. Tomaşaçylar hytaý, hindi, arap, täjik, özbek, fransuz, italýan we beýleki dillerde ýaňlanan aýdymlary üns bilen diňlediler.

Soňra sahnada ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlary gezekli-gezegine çykyş edip, halk we estrada aýdamlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Milli we daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleri ýurdumyzyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

“Mukam” ýaş skripkaçylar toparynyň çykyşy joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. “Laçyn” tans toparynyň çykyşy bilen utgaşdyrylan “Arkadagyň dostluk ýollary” atly aýdym sungatyň döredijilik kuwwatyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ösüşini, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny we mähriban Arkadagymyzyň giň möçberli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini wasp etdi.

Birleşdirilen folklor topary tarapyndan ýerine etirilen küştdepdi tansynda taryh bilen häzirki döwür utgaşdy. Bu gadymy türkmen tans dessury biziň günlerimizde gaýtadan döreýşe eýe bolup, ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dünýä dursun parahat!” atly aýdym dabaranyň özbolşuly jemlenmesine öwrüldi. Bu çykyş parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşleriň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesine bagyşlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň