Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün futbol boýunça milli çempionatymyzda möwsümiň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler

10:2113.12.2017
0
1085

“Ahal” – “Aşgabat”

36-njy tapgyryň öňüsyrasy “Ahal” 2-nji orna mynasyp boldy. 35-nji tapgyrda 5-nji orun ugrundaky esasy bäsdeşi “Energetigi” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Aşgabat” toparynyň hem bu duşuşygyň netijesine garamazdan, häzirki wagtda eýeleýän bäşinji orny üýtgewsiz galar.                  

 “Energetik” – “Köpetdag”

Maryda “Energetik” bilen “Köpetdag” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň netijesine garamazdan, olaryň eýeleýän 6-njy hem-de 8-nji orunlary üýtgewsiz galar. 38 utugy bolan “Energetik” 6-nji orny eýeleýär. 8-nji orunda barýan “Köpetdag” ýeňiş gazanan ýagdaýynda utuk sany “Merw” bilen deňleşýär, ýöne muňa garamazdan, “Merwiň” gazanan ýeňişleriniň sany “Köpetdagyňkydan” köp bolandygy sebäpli Marynyň topary 7-nji ornunda galar.

“Balkan” – “Şagadam”

Balkan welaýatynyň derbisinde hem çekeleşikli duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Bu toparlaryň hersi şu möwsümiň dowamynda geçiren duşuşyklarynda bir ýeňişden gazandy. Olaryň arasyndaky bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Balkan welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň arasyndaky duşuşygyň netijesi olaryň ýaryş tertipnamasynda eýeleýän orunlaryna täsir edip bilmez. Ýöne muňa garamazdan, bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk elmydama çekeleşikli ýagdaýa eýe bolýar.     

“Altyn Asyr” – “Turan”

Bu duşuşykda geçen tapgyr bassyr dördünji çempionlygyny gazanan “Altyn Asyr” topary Daşogzuň “Turany” bilen duşuşýar. Paýtagtymyzda geçiriljek duşuşykda toparyň janköýerleri “Altyn Asyryň” çempionatymyzy ýeňiş bilen tamamlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şeýle-de, bu duşuşyk iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda 26 topy bilen birinji orunda barýan Murat Ýakşiýewe netijeli urgularynyň sanyny köpeltmäge hem mümkinçilik berýär. Onuň bu ugurdaky esasy bäsdeşi “Ahalyň” hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň netijeli urgularyň 22-sini geçirendigini ýatladýarys.

Dynç: “Merw”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň