Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal çempionatyna Mary welaýatyndan “Olimp” topary wekilçilik eder

10:1713.12.2017
0
862

Futzal boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň Mary welaýatynyň zolak bäsleşigi tamamlandy. Geçirilen 18 tapgyrdan soň 49 utuk toplan Mary şäheriniň “Olimp” topary çempionlyk derejesini gazanmagy başardy. “Olimp” topary geçiren duşuşyklarynda 16 gezek ýeňiş gazanyp, 1 duşuşygyny deňlikde tamamlady, 1 duşuşygynda bolsa ýeňlişe sezewar boldy — diýip, TFF-nyň resmi saýty habar berýär.

 Geçirilen duşuşyklaryň 13-sini öz peýdasyna tamamlan “Galkan” ikinji, 40 utuk toplan “Kuwwat” bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Şeýlelikde, “Olimp” topary ýakyn günlerde başlanjak futzal boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Mary welaýatynyň adyndan wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň