Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

03:4813.12.2017
0
4922

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahata birnäçe daşary döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň daşary syýasat ugrunyň strategiýasy, bitaraplyk ýurduň diňe halkara derejesinde ykrar edilmegi hem-de milli bähbitleriň amala aşyrylmagy bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna dünýä we ösüş medeniýetiniň özboluşly beýany bolup durýar. Türkmenistanyň halkara giňişliginde, ozaly bilen, BMG-niň howandarlygynda alyp barýan işleri oňyn bitaraplyk syýasatynyň netijeli häsiýetiniň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Häzir türkmen diplomatiýasy Milletler Bileleşigi üçin dawalaryň öňüni almak hem-de kadalaşdyrmak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça asudalygy döretmek işinde ygtybarly, işjeň hem-de hemişelik hyzmatdaş bolup durýar. Goňşy Owganystany syýasy-ykdysady taýdan dikeltmekde, şol sanda halkara ähmiýetli birnäçe möhüm taslamalary we başlangyçlary yzygiderli amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmen döwletiniň tagallalary oňyn bitaraplyk syýasatynyň maksada gönükdirilen netijesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bu ýere ýygnananlar häzirki döwürde Türkmenistanyň uly geljegi, baý medeniýeti we taryhy bolan okgunly ösýän döwletdigini nygtadylar. Bu maslahatda parahatçylyk döredijilik strategiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň köptaraply daşary syýasatyna berlen anyk we hemmetaraplaýyn baha Türkmen döwletiniň hem-de onuň milli Lideriniň halkara derejesinde dünýäniň täze gurluşynyň örän görnükli we hormatlanylýan syýasy orny eýelemegi hökmünde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Institutyň eýwanynda Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, guralan sergi maslahatyň gün tertibiniň möhümdiginiň sazlaşykly beýanyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň