Daşoguz welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy

23:5812.12.2017
0
13222

11-nji dekabrda welaýatyň merkezinde — Daşoguz şäherinde maýyplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin täze köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda bu ugurdaky döwlet syýasatynyň maksadalaýyk we yzygiderli geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Dört gatly binada bir, iki we üç otagly öýleriň 48-si bar. “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky kärhanasynyň işgärleri tarapyndan bina edilen jaý şäheriň täze ösen düzümli ýaşaýyş toplumy emele gelýän günorta-günbatar böleginde ýerleşýär.

Ýylylygy, suwy we elektrik energiýasyny bermegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün edilen täze binada oňaýly ýaşamak üçin ähli zerur şertler döredildi. Binanyň ähli girelgeleri maýyplar üçin ýörite girelge eňňitleri bilen enjamlaşdyryldy, giň we ýagty öýleriň bezegleri üçin iň döwrebap serişdeler peýdalanylypdyr. Aşhana otaglary durmuş tehnikalary we mebeller bilen üpjün edildi.

Jaýyň daş-töweregi ýaşyl zolaga bürelip, doly abadanlaşdyryldy. Bu ýerde sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin üsti ýapyk ýer göz öňünde tutuldy.

Şol gün Daşoguz şäherinde döwrebap işewürler merkeziniň täze binasynyň dabaraly açylyşy hem boldy. Ol ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça “Tumar” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Täze desga bäş gatly binadan we birnäçe köp gatly desgalardan ybarat bitewi binagärlik toplumyny öz içine alýar. Onuň aşaky gatlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi işewürler mekdebi, “Rysgal” paýdarlar- täjirçilik bankynyň bölümçesi ýerleşýär.Ýokarky gatlar dürli işjeň düzümleriň edara jaýlary üçin berildi. Binanyň gapdalynda ähli amatlyklary bolan iki gatly myhmanhana guruldy.

Merkezi binanyň iki gapdalynda bu ýeriň umumy binagärlik we bezeg çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan üç gatly binanyň ikisi gurlupdyr.

Olaryň biri—“Toý mekany” dabaralary geçirmek üçin niýetlenendir. Bu binanyň birinji we ikinji gatlarynda 200 orunlyk hem-de 500 orunlyk zallar, aşhana we ammar jaýlary bolan giň dabara zallarynyň ikisi bar. Binanyň üçünji gaty bolsa gözellik salony, fotostudiýa we iş otaglary üçin bölünip berlipdir. Bu ýerde bilýard zaly hem-de uly bolmadyk kinoteatr bar.

Söwda we dynç alyş merkezi ýerleşen beýleki binada dürli senagat hem-de azyk harytlary dükanlary, şol sanda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň saýlama önümleri üçin dükanlar ýerleşdirildi. Körpeler üçin niýetlenen üçünji gatda bolsa dürli enjamly oýun merkezi  we “Böwenjik” atly çagalar kafesi bar.

Işewürler merkeziniň abadanlaşdyrylan çäginde bouling we spa-salon üçin bina, ýeňil ulaglary bejerýän ussahana hem-de olaryň şaýlaryny satýan dükanlar, iki awtoýuwalga, iki sany amatly kafe ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň