Baýramçylyk mynasybetli Mary welaýatynda binagärlik açylyşlary boldy

23:4712.12.2017
0
7420

11-nji dekabrda Mary şäherinde gök-miwe önümleriniň bir wagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen döwrebap sowadyjy ammar ulanmaga berildi.

Obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamany amala aşyrmak, ilaty tutuş  ýylyň dowamynda ter gök-miwe önümleri bilen üpjün etmek şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Pudakda gök-miwe önümlerini saklamagyň täze ulgamy şol wezipäni çözmäge gönükdirilendir.

3,5 gektar meýdany eýeleýän täze desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi hem-de Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.

Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyş ulgamy bu ýerde saklamak üçin goýlan gök we miwe önümleriniň görnüşlerine baglylykda, sowadyjy kameralarda howanyň amatly temperaturasyny we çyglylygyny saklamaga berk gözegçilik eder. Sogan we ýeralma üçin niýetlenen bölümler awtomatiki ýelejiretmegiň aýratyn ulgamy bilen üpjün edildi. Munuň özi önümleriň harytlyk görnüşini we hilini uzak wagt saklamaga mümkinçilik berýär.

Desganyň esasy bölegi sowadyjy kameralaryň 23-sinden ybarat bolup, olaryň 12-si miweleri saklamaga, 7-si gök önümler üçin hem-de 4-si deslapdan sowatmak üçin niýetlenendir. Binada önümleri saýlamak we gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň 3-si oturdyldy. Ammar bölümleriniň hemmesi gök we miwe önümlerini saklamak üçin tekjeler, ýörite gaplar bilen üpjün edildi. Bu ýerde olary ugratmak hem-de sarp edijilere ýetirmek üçin ýük ýükleýji elektrokatlar hem-de dürli agramdaky ýükler üçin niýetlenen awtomobil sowadyjylar bar.

Täze desganyň döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilen dolandyryş binasynda Mary welaýatynyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigi ýerleşdi. Bu ýerde ammara getirilýän hem-de söwda merkezlerine we bazarlara ugradylýan ter gök önümleriň hilini barlaýan barlaghana hem göz öňünde tutuldy.

Desganyň çäginde ýük awtoulaglary üçin duralgalar, transformator bekedi, gözegçilik-geçiriji bölüm, suw üçin çelekler hem-de awtomatlaşdyrylan tereziler ýerleşdirildi.

Şu günki açylan täze desga welaýatda azyk pudagynyň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny berkitmek boýunça öňde goýlan wezipelerini üstünlikli çözmegiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan açylyş dabarasy mynasybetli ammaryň awtoulaglarynyň üsti hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgatlary – täze sowadyjy awtoulaglaryň 8-si hem-de awtokarlaryň 4-si bilen ýetirildi.

Şeýle hem şu gün Mary şäherinde beden taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar hem-de ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäç bolan  beýleki toparlary üçin gurlan täze 48 öýli jaý baýramçylyk ýagdaýynda ulanmaga berildi.

Şeýle jaýlara bildirilýän aýratyn talaplara laýyklykda, olaryň girelgelerinde giň gapylar, ýörite tutawaçlar, maýyp adamlaryň arabalary üçin eňňitler göz öňünde tutuldy. Giň ýagty otaglar, oňaýly aşhana, oňat hilli ýerine ýetirilen içerki timarlaýyş işleri täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, bu ýerde ýaşaýjylaryň dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur bolan şertler döredildi.

Uly baýramçylygyň öňýanynda welaýatda täze desgalaryň ýene-de biri Ýolöten etrabynyň dolandyryş merkezinde açyldy. Ol “Bagtyýarlyk şuglasy” diýlip atlandyrylan täze çagalar meýdançasydyr.

Dynç alyş seýilgähi şäheriň merkezi böleginde abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen çäkde ýerleşdirildi. Bu ýerde pürli hem-de saýaly agaç nahallarynyň 2 müň düýpden gowragy oturdyldy, şeýle hem güller ekildi.

Taslama “Söýli” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy, olar çagalaryň dynç alyş wagtyny açyk howada, amatly, gyzykly geçirmegi üçin tagalla etdiler. Häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň esasynda gurlan seýilgäh  tebigy binagärligiň desgalar toplumy bolup durýar.

Onuň çäginde dürli hiňňillikler we sallançaklar ýerleşdirildi. Ýük düzümini we erteki gahrymanlaryny özünde jemleýän demir ýol körpeleri has-da begendirse gerek.

Ýetginjekler we körpeler üçin bökülýän meýdançalaryň ikisi hem çagalarda örän uly kanagatlanma duýgusyny döreder.

Gezelenç ýodalary dürli reňkli çüwdürimiň hem-de dynç almak üçin telärleriň ýanyna alyp barýar, bu ýerde möwsümleýin howa şertlerine baglylykda günüň şöhlesinden ýa-da ýagyşdan goranmak bolýar.

Söýgüli erteki gahrymanlarymyzyň keşpleri şekillendirilen dürli oturgyçlar we bannerler hem çagalar meýdançasynyň bezegine öwrüldi. Elbetde, bu ýerde dürli tagamly doňdurmalary, süýji-kökeleri we içgileri dadyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň