Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat Halkara Bitaraplyk gününi täze binalaryň açylyş dabaralary bilen garşylady

22:5912.12.2017
0
8582

11-nji dekabrda Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumynda täze “Bereketli” söwda merkezi ulanmaga berildi, ol binagärlik keşbinde milli binagärligiň hem-de häzirki zaman çözgüdiniň iň oňat däplerini sazlaşykly utgaşdyrýar.

Toplumyň üsti ýapyk meýdançasynda bereketli türkmen topragynda ösüp ýetişýän gök, miwe, bakja önümleriniň söwdasy üçin hatarlaryň birnäçesi ýerleşdirildi. Käbir söwda bölümleri et we balyk önümleriniň satuwyna niýetlenipdir.

Bu ýerde senagat we azyk harytlarynyň, şol sanda egin-eşikleriň hem-de aýakgaplaryň, dokma we neşirýat önümleriniň, mebelleriň, durmuşda ulanylýan himiýa önümleriniň, elektrik enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň hem-de beýlekileriň dürli görnüşlerini satýan söwda dükanlarynyň 280-si göz öňünde tutuldy.

Bu merkezde ýurdumyzda meşhur “Halk markediň” saýlama önümlerini ýerlemek üçin köpugurly dükan guruldy. Onda önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýerli çig maly ulanmak bilen bazarlary ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen doldurmak ýaly, döwlet wezipesini çözmäge işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň iri hususy kärhanalarynyň hem önümleriniň köp dürli görnüşleri satylýar.

Mundan başga-da Söwda toplumynyň çäginde jemgyýetçilik iýmiti bölümleriniň 20-den gowragy ýerleşdirildi. Bular şerbetli suwlaryň hem-de süýji-köke önümleriniň baý görnüşlerini bu ýere gelýänlere hödürlejek kafeler we beýlekilerdir. Bu ýerde banket zaly hem göz öňünde tutulypdyr. Bu desganyň açylmagy bilen bu ýerde iş orunlarynyň ençemesi döredildi.

“Bereketliniň” gurulmagynda döwrebap tehnologiýalar peýdalanyldy. Ikinji gatyň söwda dükanlaryna eskalatorlar we liftler bilen çykmak bolýar. Bu ýerde amatly ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Howa çalşygynyň we ýyladyşyň merkezleşdirilen ulgamy amatly howa ýagdaýyny, durnukly elektrik üpjünçiligini bolsa transformator bekedi üpjün edýär. Toplumyň girelgeleriniň ýanynda awtoduralgalar guruldy.

Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, şol ýerlerde bagy-bossanlyk döredilipdir, baglaryň dürli görnüşleri ekilip, ajaýyp yşyklandyryjylar oturdyldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça “Belent jaý” hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum döwlet goldawynyň berilmegi netijesinde ýurdumyzyň hususy işewürliginiň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda binagärlik açylyş dabaralarynyň ýene-de biri boldy—Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda täze gurlan, Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde çalt depginler bilen ösýän etraplaryň biriniň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek üç gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.

Maşgala bölümleriniň üçüsinden başga-da, klinikanyň düzümine bejeriş, zenanlara maslahat beriş, stomatologiýa, keselleri anyklaýyş, fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş bölümleri, şeýle hem barlaghana girýär.

Täze binada  maşgala terapewtleri bilen bir hatarda näsaglary dürli ugurlaryň hünärmenleri-oftalmolog, otolaringolog, newropatolog, hirurg, endokrinolog, onkolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, ginekolog we beýlekiler kabul ederler. Her bir näsagy çak edilýän ýüz tutmalaryň ähli görnüşleri boýunça ýokary derejeli döwrebap lukmançylyk hyzmatlary bilen doly gurşap almak göz öňünde tutulandyr.

Agzalyp geçilen hünärmenleriň ygtyýarynda uly mümkinçikleri bolan  täze lukmançylyk enjamlary bar. Meselem, maslahat beriş-kesel anyklaýyş bölümi elektroensefalograf, rentgen, fibrogastroskop, ehokardiograf ýaly täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Fizioterapiýa otagynda  elektroýylylyk we ýagtylyk terapiýasynyň (UBÇ, elektroforez, kwars we beýlekiler) dürli usullaryny ulanmak üçin iň soňky kysymly enjamlar goýlupdyr.Bejeriş usullarynyň bu nusgawy toparynyň üsti  suw we palçykly bejeriş bilen ýetirilipdir. Bejeriş bedenterbiýe otagynda ýörite sport enjamlary goýlupdyr.

Saglyk öýünde çylşyrymly bolmadyk hirurgiýa bejerişlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän operasiýa bölüminiň barlygyny hem bellemek gerek. Bu ýerde şeýle hem gündizki stasionarlar bar. Fito-otagda  bu ýere gelýän adamlara ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlardan  taýýarlanan bejeriş içgileri hödürlenilýär. Bu lukmançylyk edarasynda kitaphana, naharhana, dermanhana hem bar. 

Täze Saglyk öýüniň näsaglarynyň bir günüň içinde  hünärmenler bilen maslahatlaşyp, bu lukmançylyk edarasynyň çäklerinde iň bir döwrebap derejede bejeriş almak mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmak gerek.

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda kabul eden Kararyna laýyklykda, maýyp adamlar hem-de ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäç bolan beýleki toparlary üçin ýaşaýyş jaý gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde badalga berildi.

8-nji etrapçada bina edilen dört gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýynda öý eýeleriniň amatly ýaşamagy üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Öýler ýaşaýjylaryň aýratyn hajatlaryna laýyklykda ýerleşdirildi we guruldy. Olaryň amatlylygy üçin täze jaý söwda bazarynyň golaýynda ýerleşdirildi, onuň 420 orunlyk dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumynyň, şeýle hem “Galkynyş” sport toplumynyň golaýynda bolmagy hem aýratyn möhümdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň