Soňky habarlar

Arhiw

“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine Galkynyş känindäki işleriň barşy barada habar berdi

20:0212.12.2017
0
7937

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublkasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi.

Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutnymyzy dünýä bileleşigi tarapyndan şu günler giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem Sung Sang-Rok milli Liderimizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri bilen gutlap, munuň ösüşiň ýoly bilen ýurduň ynamly öňe barýandygynyň aýdyň görkezijisidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz meşhur kompaniýanyň wekiline mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary bilen köp ýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini hem-de anyk netijelere gönükdirilendigini kanagatlanma bilen nygtap, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, tebigy serişdeleri senagat taýdan gaýtadan işlemek ulgamynda hem-de türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmakda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň iri möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Sung Sang-Rok şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanyna Galkynyş känindäki işleriň barşy hem-de kompaniýanyň bina edýän desgalarynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy, şeýle hem netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, türkmen tarapyna täze özara bähbitli teklipleri bermäge taýýardygy barada aýtdy.

Sung Sang-Rok bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalarynyň ählisini takyk ýerine ýetirmek üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň