Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmentelekom" internet hyzmaty boýunça arzanlaşyk yglan etdi.

19:0612.12.2017
0
9073

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli "Türkmentelekom" döwlet aragatnaşyk kärhanasy internet hyzmaty boýunça arzanlaşygy yglan etdi.

Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişine görä, 2017-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 31-nji dekabry aralygynda kabel arkaly internet hyzmatynda täze nyrh meýilnamasy hereket eder we ozal bar bolan nyrh meýilnamalarynyň bahasy arzan bolar. Diýmek, şu wagt aralygynda internet birikdiren müşderilen hyzmatlardan ýeňillikli bahalar arkaly peýdalanyp bilerler. Kompaniýa täze nyrh meýilnamalary we ozal bar bolan nyrh meýilnamalardaky arzanlaşyk barada has doly maglumat we bu hyzmatlardan peýdalanmak üçin 95-59-10 belgili telefona jaň etmegi maslahat berýär.

Müşderiler şu görkezilen wagt aralygynda sekuntda 256 Kbit-lik interneti 135 manada;

sekuntda 512 Kbit-lik interneti 150 manada;

sekuntda 2048 Kbit-lik interneti (täze nyrh meýilnamasy) 250 manada birikdirip bilerler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň