Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

04:2712.12.2017
0
10792

Sizi dünýä bileleşigi bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ilkinji gezek giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmegiň we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir.

Bitarap döwletimiziň degişli döwürler üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna, Ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna saýlanmagy biziň durmuş-ykdysady syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň tassyklaýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy halklary birleşdirýär, dostlukly gatnaşyklara täze ýollary açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Biz döwrebap howa menzillerini, awtomobil we polat ýollary, ulag hem-de üstaşyr geçelgelerini gurmak arkaly asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerimizi dabaralandyrýarys. Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda «Serhetabat - Turgundy» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi bizift bu ugurdaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da artdyran taryhy waka öwrüldi.

Bitaraplyk parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dumukly ösüşiň hem-de dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoludyr. Berkarar döwletimiz bu ugra ygrarly bolup, dünýä ýurtlary, halkara we sebit guramalary bilen asuda durmuşyň hem-de ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýär. Özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýar. Bitarap Turkmenistan dünýä ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar — diýip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň