Soňky habarlar

Arhiw

“Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär

00:2012.12.2017
0
8986

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bidlirip, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlan türk kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigi hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ajaýyp üstünlikleriniň ykrar edilýändigi bellenildi. Myhman türkmen Lideriniň goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen hem giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli alyp barmagy netijesinde, işewür toparlaryň wekilleri, şol sanda özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga çalyşýan türk kompaniýalary bilen ýakyn işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen daşary ýurt kompaniýalary bilen uzakmöhletli özara gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň açykdygyny belledi. Dünýäniň iň oňat tejribesini hem-de iň täze tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy köpsanly dürli ähmiýetli täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Şol desgalar ähli babatda ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, türkmen hyzmatdaşlaryna bar bolan ähli tejribelerini we mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy, şeýle hem durmuş-medeni we senagat ähmiýetli desgalaryň gurluşygy boýunça ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi.

Hususan-da, Ahal welaýatynda Owadandepe diýen ýerde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürjek dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawod bolan möhüm desganyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür bildirilýän ynam üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň