Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy

23:5311.12.2017
0
6138

Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1690-sy Türkmenistanyň raýatlary boldular. Olar 21 milletden bolup, 1165 uly adamlardyr we 525 sany 18 ýaşyna ýetmedik raýatlardyr.

Dabara gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça bosgunlaryň işi baradaky sebitleýin utgaşdyryjysy, sebitleýin wekili hanym Ýasuko Oda, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça migrasiýa baradaky Halkara guramasynyň utgaşdyryjysy jenap Deýan Keserowiç migrasiýa we raýatsyzlyk babatdaky meseleleri çözmekde Türkmenistanyň alyp barýan giň möçberli işlerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şu günki wakanyň bolsa aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň