Soňky habarlar

Arhiw

Maslahatlar köşgünde küştdepdiniň Maddy däl medeni mirasyň sanawyna goşulmagy mynasybetli dabara boldy

03:5811.12.2017
0
6655

Paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde türkmen milli „Küştdepdi“ aýdym we tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa taryhçy alymlar, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Belli tans toparlary, aýdymçy-sazandalar çykyş etdiler.

Çärä gatnaşanlar Köşgüň eýwanynda gurnalan sergi bilen tanyşdylar, onda çeperçilik we amaly haşam sungaty eserleri, heýkeltaraşlaryň, küýzegäleriň, zergärleriň işleri, şeýle hem usul-tilsiminde we bezeglerinde küşdepdiniň horeografiýa dili we mazmun baýlygy beýan edilen haly we haly önümleri görkezildi.

Dabarada folklor toparlary özboluşly we çeper küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň