Soňky habarlar

Archive news

“Daşoguz” Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşar

16:3910.12.2017
0
195
“Daşoguz” Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşar

Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän habarda şeýle diýilýär:

"Daşoguz şäheriniň “Daşoguz” topary futzal boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň Daşoguz welaýatynyň zolak bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şeýlelikde Daşoguz şäheriniň topary 14-21-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzda futzal boýunça geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşar.

Futzal toparlarynyň 10-synyň gatnaşmagynda Daşoguz şäherindäki “Garaşsyzlyk” sport desgasynyň sport zalynda geçirilen zolak bäsleşigi iki aýlawdan ybarat boldy.

Geçiren duşuşyklarynyň 17-sini ýeňiş bilen tamamlan “Daşoguz” topary olaryň birini deňlikde tamamlap, toplan 52 utugy bilen ynamly ýagdaýda birinji orny eýeledi.

Daşoguz şäheriniň “Dokmaçy” hem-de Görogly etrabynyň toparlary toplan 40 hem-de 32 utuklary bilen degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Geçirilen 18 tapgyrda derwezelere 37 top geçirmegi başaran Alişer Hudaýbergenow (“Daşoguz”) “Iň köp top geçiren oýunçylaryň” bäsleşiginde öňdäki orny eýeledi".

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň