Soňky habarlar

Archive news

"Altyn asyr" — Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony

16:3410.12.2017
0
698
"Altyn asyr" — Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň "Altynasyr" futbol topary bassyr dördünji çempionlygyny yglan etdi. Şenbe güni geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygynda kenarýaka şäheriň "Şagadam" futbol toparyny myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňen "aragatnaşykçylaryň" pökgülerini Myrat Ýagşyýew bilen Selim Nurmyradow geçirdi.

Aragatnaşyk ministrliginiň garamagynda 2008-nji ýylda döredilen topar milli birinjiligi 2010-njy ýylda ikinji, 2013-nji ýylda üçünji orun bilen tamamlandy. Toparyň başyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň gelmegi we köp sanly güýçli futbolçylaryň topara çagyrylmagy bilen "Altyn asyr" 2014-nji ýyldan bäri milli we halkara ýaryşlarda has üstünlikli çykyş edip gelýär. Hut şol ýyldan bäri ýurdumyzyň çempionlygyny hiç kime bermän gelýän topar bu hormatly derejä bassyr dördünji gezek mynasyp boldy. 

Üç gezek Türkmenistanyň kubogyny, şonça gezek hem Naýbaşy kubogy, iki gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny (halkara ýaryş) gazanan topar 2015-nji ýyldan bäri AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlara hem gatnaşyp gelýär. Şu ýyl bu ýaryşda has üstün oýun görkezen "aragatnaşykçylar" ýaryşyň finalçysy — Täjigistanyň "Istiklol" futbol topary bilen birlikde Merkezi toparçanyň naýbaşy wekilleri boldular.

Gazanylan çempionlyk "Altyn asyra" bassyr dördünji gezek bu yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň çempiony şu ýyl bolşy ýaly, indiki ýyl hem toparçalardan gatnaşar. "Altyn asyryň" topardaşlarynyň ikisi eýýäm belli. Olar Täjigistanyň "Istiklol", Gyrgyzystanyň "Alaý" futbol toparlarydyr. Toparçadaky dördünji wekil bolsa saýlama tapgyryň netijesinde belli bolar.

Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga ýurdumyzdan "Türkmennebitönümleri" Baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary mynasyp boldy. Çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galandygyna garamazdan, "Ahalyň" bu möwsümde kümüş medala mynasyp bolandygy takyklaşdy. Şu ýyl futbol boýunça ýurdumyzyň kubogyny hem gazanan toparyň bu netijeleri oňa AFK-nyň kubogyna saýlama tapgyrdan gatnaşmaga doly hukuk berýär. "Ahal" saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşyklaryny Gyrgyzystanyň wise-çempiony "Dordoý" bilen geçirer. Bu jübütleriň arasyndaky duşuşyklaryň ýeňijisi bolsa saýlama tapgyryň ikinji ädiminde Täjigistanyň çempionatynyň kümüş medalçysy we kubogynyň eýesi "Hujand" toparynyň garşydaşy bolar. Öýde-myhmançylykda tertibinde geçiriljek duşuşyklaryň ýeňijisi AFK-nyň kubogy — 2018-iň "D" toparçasynyň dördünji wekili bolar.

Milli çempionatymyzyň 25-nji möwsümini Türkmenbaşy şäheriniň "Şagadam" futbol topary bürünç medal bilen tamamlady. Ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji dekabrda geçiriler.

 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň