Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan halkara ýaryşlaryň 3-siniň baýraklaryna eýe bolan türgenlere sowgatlar gowşuryldy

03:5310.12.2017
0
1783
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan halkara ýaryşlaryň 3-siniň baýraklaryna eýe bolan türgenlere sowgatlar gowşuryldy

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda dekabryň başynda bolup geçen halkara ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli netijeleri görkezen türgenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Sylaglamak dabarasyna Sport baradaky döwlet komitetiniň birnäçe degişli edaralarynyň, DIM-iň wekilleri, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary, mugallymlary, şeýle hem tälimçiler gatnaşdylar.

Türgenlerimiziň gazananlary häzirki ýylyň şu aýynda-da uly üstünliklerdir. Medallara eýe bolanlaryň hatarynda iri halkara ýaryşlarynyň üçüsinde: agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda (Anahaým, ABŞ), kuraş göreşi boýunça dünýä çempionatynda (Stambul, Türkiýe), söweş sungatlarynyň VII Halkara oýunlarynda (Minsk, Belarus) medallary gazanan ýeňijiler bar.

ABŞ-da alty medal almagy başaran agyr atletikaçylarymyz el çarpyşmalara mynasyp boldular. 77 kilograma çenli agram derejesinde medallarynyň üçüsini (birbada götermek, itekläp galdyrmak, jemi) Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çempiony Rejepbaý Rejepow gazanyldy. 53 kilograma çenli agram derejesinde Kristina Şermetowa umumylykda kümüş medala hem-de aýry-aýry maşklar boýunça-- birbada götermekde we itekläp galdyrmakda iki sany bürünç medal gazandy. Ýeri gelen aýtsak, bu baýraklar dünýä çempionatlarynda Türkmenistanyň zenanlar agyr atletikasynyň taryhyndaky ilkinji gazanylan üstünlik boldy.

Türkiýede kuraş boýunça dünýä çempionatynda biziň pälwanlarymyz dokuz medal gazandylar. Bu gün kümüş baýragyň eýeleri bolan Daýanç Ömirowy, Şamuhammet Gurbanowy hem-de bürünç baýragyň eýeleri Marat Orazowy, Erkin Ömürzakowy, Begenç Baltaýewi, Hudaýberdi Jumaýewi, Zarina Saparowany, Mähriban Gurbanowany, Gülşat Nasyrowany sylagladylar.

Belarusuň paýtagtynda geçirilen söweş sungatlarynyň VII Halkara oýunlarynyň hormat münberine çykmagy başaran türgenlerimize hem mähirli sözler we gutlaglar aýdyldy. Olar oýunlaryň ýeňijisi Goşanyýaz Durdyýew hem-de kümüş baýragyň eýeleri Mähri Agaýewa, Orazmyrat Çaryýew we Gaýgysyz Atabaýewdyr. Bu ýaryşda türgenlerimiz ähli medallary taekwondo (ITF) görnüşinde gazandylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň