TDHÇB-nyň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri uly orun tutdy

23:1309.12.2017
0
4078

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 158-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Latwiýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasiýa kerosinini, awtomobil benzinini, suwuklandyrylan gaz we az kükürtli ýakylýan mazudy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtomobil benzinini we suwuklandyrylan gaz (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, dürli görnüşli tekiz reňkli hem-de žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, flanel-mata, pagta süýümi daşary ýurt puluna ýerlenildi. Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe we beýlekiler satyn alan ýurtlar boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 942 müň dollaryndan geçdi.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 248 müň manatdan gowrak ýod erginini, nah ýüplügi hem-de täzeden işlenen süýümi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň