Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

14:0609.12.2017
0
8512

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň geçiren işleriniň jemlerine garaldy, Prezident maksatnamalarynyň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalary hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

Mejlise Türkmenistanyň parlamentiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, uly baýramyň – Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda 1690 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky kanunçylyk namasyny kabul etmek kararyna gelendigini habar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hiç bir raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we degişli Permanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, adamlaryň, şol sanda belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

2011-2016-njy ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan we hiç bir döwletiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň 6 müň 455-siniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy 2017-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen gepleşikleriň gün tertibine girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň şol duşuşykda öňe süren tekliplerini we başlangyçlaryny amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi, Halkara Migrasiýa guramasy we bu ugurda ýöriteleşdirilen beýleki halkara düzümleri bilen gatnaşyklaryny ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi we ygtyýarlykly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan 1 müň 690 adamynyň haýyşlary nazarda tutulyp, olary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olar 21 milletiň wekilleridir.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekip, ýurdumyzyň raýatlary bolan adamlary tüýs ýürekden gutlady we olara maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek işine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi, bu resminama gol çekilmegi ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň 2017—2023-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara guran saparlarynyň we daşary döwletleriň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri bu işjeň strategiýanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar ählumumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we artdyrylmagyna gönükdirildi.

Şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistana DIM-niň üsti bilen dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň 550-si geldi. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 574-si ugradyldy. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda 201 çäre, şol sanda maslahatlar, seminarlar, duşuşyklar geçirildi. Ýylyň başyndan bäri 219 resminama Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn we ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen geňeşmeler yzygiderli esasda alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda bu ugur boýunça 42 duşuşyk guraldy. Hökümetara toparlarynyň 16 mejlisi geçirildi. Olaryň işi özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirýär. Şeýle hem bilelikdäki işewür maslahatlaryň 13-si geçirildi.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň meseleleri bilen baglanyşykly Kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebit we ählumumy möçberdäki netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň deňhukukly we özara peýdaly esasda parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýýan Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan tagallalaryna işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny tassyklap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Halkara Bitaraplyk güni we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, DIM-niň we ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň täze taryhy eýýamda öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, hemişe bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlarymyzyň öň ýanynda günäsi geçilýär diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýewe söz berdi, ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýram mynasybetli 697 raýaty mundan beýläk jeza çäresini çekmekden azat etmek hakyndaky Permana gol çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde jeza çäresini çekmekden boşadylan raýatlaryň ählisiniň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgalalaryna dolanyp barmagy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.

Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr. Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Siziň bilşiňiz ýaly, ozal “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler bilen bir hatarda “Görogly” dessany hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilipdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we türkmenistanlylaryň ählisini bu şanly waka bilen gutlap, milli medeni mirasymyzy mundan beýläk-de giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilendigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny habar berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda—10,9 göterim, söwdada—9,6 göterim, oba hojalygynda—5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda—8,9 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi.

On bir aýyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy. Sarp edilýän harytlaryň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary geçen ýylyň dekabr aýynyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim artdy.

Hasabat döwründe durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 78,9 göterimi gönükdirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,9 göterim köpeldi.

Şeýle hem wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" kesgitlenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi .

Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, 2017-nji ýylyň 11 aýynda maliýe -býujet ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88, 4 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 10,84 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 9,98 milliard manada deň boldy.

Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Şeýle hem döwlet edaralarynyň maliýe ýagdaýyna degişli gözegçiligi üpjün etmek, olaryň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde netijeli çäreleri görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

On bir aýyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 47,2 milliard manada deň bolup, onuň 48,7 göterimi önümçilik we 51,3 göterimi medeni-durmuş maksatly binalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.

Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy hakynda hem habar berildi. Hasabat döwründe 9 desganyň gurluşygy tamamlandy, desgalaryň 75-sinde gurluşyk işleri dowam edýär hem-de 21 desganyň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak we guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew pul-karz ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem daşary ýurtlara iberilen harytlar hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin demir ýol ulaglary ministri D.Bäşimowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary A.Atamyradowyň üstüne ýüklenildi.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Tüýliýewi senagat ministri wezipesinden boşatdy. Bu wezipä “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesinde işlän K.Durdymyradow bellenildi.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şu gullugyň başlygynyň orunbasary B.Gylyjowyň üstüne ýüklenildi. 

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz N.Sapardurdyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň oba we suw hojalygy ministri wezipesinden boşatdy. Bu ministrligiň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek ministriň orunbasary A.Myradowyň üstüne ýüklenildi.

Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýewe berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowa berk käýinç yglan etdi.

Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer D.Myradowa duýduryş berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ähli ýolbaşçylara diňe bir daşary ýurt walýutasynda alynmaly serişdeler baradaky tabşyrygyň däl-de, eýsem, önümleri öndürmek baradaky tabşyryklaryň hem ýerine ýetirilmelidigini ýene-de bir gezek duýdurdy. Bu meselede hiç hili bahana bolmaly däldir. Döwlet Baştutanymyz bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigi üçin berk talap ediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Myradowa täze döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işini güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz her ministrligiň we pudak edarasynyň geljek ýyl üçin etmeli işleriniň anyk maksatnamasyny kesgitledi, şeýle hem özara hasaplaşyklar boýunça işleri dowam etmegi, salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyny talap etdi. Döwlet Baştutanymyz ýerli häkimiýetleriň, şäher häkimlikleriniň we obalaryň çykdajylaryny maliýeleşdirmegiň meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere gözegçiligiň zerurdygyny belläp, bu ugurda geçirilen işler barada şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew geçen on bir aýda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylmagy babatda, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan görkezijiler barada aýdyldy. Benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 102,1 göterim, dizel ýangyjyny çykarmakda 101,1 göterim, polipropilen öndürmekde, 104,3 göterim, çalgy ýaglaryny çykarmakda — 102,6 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmekde — 107,8 göterim berjaý edilendigi habar berildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 103,4 göterime, “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ösüş depgini 103,7 göterime deň boldy.

Wise-premýer şeýle hem tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýan Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak boýunça anyk çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyndaky çözülmeli möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi, ýolbaşçy işgärleri, başarjaň hünärmenleri saýlamaga ünsi güýçlendirmegi, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla senli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ilkinji nobatda munuň özi ulanylýan känlerde nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly täze meýdançalary özleşdirmek, nebiti almagyň döwrebap tehnologiýalaryny peýdalanmak ýaly ugurlara degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýewe işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edip, olary gysga wagtyň içinde düzetmegiň zerurdygyny duýduryp, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň meýilnamasy 102,7 göterim berjaý edildi hem-de ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 107 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 100 göterime barabar boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 104,4 göterime we 101,3 göterime barabar boldy.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,9 göterime deň boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 135,2 göterime, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa degişlilikde 119,6 göterim we 100,2 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Ýük daşamagyň meýilnamasy 155 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 143,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebitleýin hem-de yklym üsti ýollary ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyzyň, howa, deňiz we derýa ulaglary düzümleriniň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini belläp, awtomobil we demir ýol ulaglarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek, ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen ulaglaryň bir bitewi ministrligini döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz ulag toplumynyň edaralaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça zerur işleriň dowam edýändigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew şu ýylyň on bir aýynda milli ykdysadyýetimiziň gözegçilik edýän senagat ulgamynyň düzümlerindäki işleriň netijeleri, onuň pudaklaýyn görkezijileri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleri, öndürilen önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 107,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça meýilnama 116,4 göterim berjaý edildi, umumy ösüş depgini 6,1 göterime deň boldy.

Halyçylyk kärhanalary tarapyndan haly we haly önümlerini dokamak boýunça meýilnama 113,1 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça çykarylan önümleriň meýilnamasy 85,5 göterim berjaý edildi. Tehniki ýod öndürmek babatda 122,5 göterim, tehniki uglerodyň önümçiliginde 103,8 göterim, natriý sulfatyny öndürmekde 105,4 göterim ösüş hasaba alyndy.

Seljerilýän döwürde Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi boýunça meýilnama görkezijisi 104,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumyny ösdürmegiň strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň, kärhanalara öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Pudaklaryň netijeli işlemegi köp babatda içerki sarp edilişini hem-de dünýä bazarlarynyň üýtgäp durýan ýagdaýlaryny nazara alyp, işleri başarnykly guralyşyna baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň ösüş depginini çaltlandyrmak, şol sanda mineral dökünleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Munuň üçin birnäçe täze kärhanalary, şol sanda kaliý dökünlerini öndürýän ýene-de bir dag magdan kärhanasyny, karbamid we ammiak zawodlaryny gurmaly diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mineral serişdeleriň şeýle ýerasty gatlaklary bolan ýurdumyza islendik maýadary çekip bolar. Ýöne, diňe tutanýerlilik bilen işlemek gerek.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzyň gurluşyk, energetika toplumlarynda we jemagat hojalygy pudagynda hem-de Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda meýilnama 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,2 göterim ösüş depginine eýe bolnandygyny äşgär edýär.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 104,8 göterim berjaý edildi we ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.

2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,9 göterime ýetirildi.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 110,1 göterim berjaý edildi. Şunda, ösüş depgini 112,4 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe meýilnama 100,8 göterim ýerine ýetirildi we 102,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki döwürdäki ýokary sazlaşykly ösüşi giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Adamlaryň ýaşaýyş we durmuş derejesini gowulandyrmak onuň esasy ugry bolup durýar. Şunda, ilatyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, jemagat hojalygy gulluklarynyň degişli işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatynyň we kärhanalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk toplumynda alnyp barylýan özgertmeleriň ýokary depginini üpjün etmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlisiň dowamynda R.Annaberdiýewi Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Köpetdag etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol etrabyň häkiminiň orunbasary M.Gurbangulyýewiň üstüne ýüklenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen on bir aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-noýabr aýlarynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 4 milliard 466,5 million manada deň boldy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy 1 milliard 663,6 million manada, lomaý haryt dolanyşygy 2 milliard 802,9 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini degişlilikde 19,9 göterim we 10,4 göterim artdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 227 birža söwdasy geçirilip, 21 milliard 170,5 million manatlyk 17633 şertnama baglaşyldy. Meýilnama 133,4 göterim berjaý edildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda 16,19 million manatlyk hyzmat işleri ýerine ýetirildi. Meýilnama 135,8 göterim berjaý edildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda 765,4 million manatlyk senagat önümleri, 1 milliard 312 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümi öndürildi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden degişlilikde 36,5 we 31,9 göterim ösüş gazanylandygyny aňladýar. 5 milliard 545,2 million manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilip, 2,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça söwda haryt dolanyşygy 10 milliard 660,3 million manada deň boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,5 göterim köpdür, hyzmatlar ulgamynda 918,8 million manatlyk iş ýerine ýetirilip, 15 göterim ösüş gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde adamlaryň islendik del harytlary we sowgatlary satyn alyp bilmegi üçin bazarlaryň we dükanlaryň harytlar bilen üpjün edilmegine gözegçiligi ýola goýmak barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Orazmyradowa soňky duýduryş bilen käýinç yglan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberleriniň ösüş depgini 102,2 göterime barabar boldy.

Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 109,3 göterime ýetdi. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşiginde 101,8 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Lebap welaýatynyň etrap we şäher häkimlikleriniň meseleleri hakyndaky” Kararyň hem-de ministrliklere, pudak edaralaryna hem-de edara-kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Ýer kadastryny taýýarlamak, daýhanlara ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça işleri çaltlandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günler geljek ýylyň bugdaý, pagta, şaly hasylynyň, gök önümleriniň we miwe hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny belläp, geçirilýän ähli agrotehniki çäreleri, aýratyn-da, suwaryş ulgamlarynyň arassaçylygy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.

Milli Liderimiz Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň ýerlerde, etraplarda ýygy-ýygydan bolup, bu işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmekleriniň hem-de meseleleriň çözülmegine kömek bermekleriniň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Lebap welaýatynyň etrap we şäher häkimlikleriniň meseleleri hakyndaky” Karara hem-de ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýruga gol çekip, bu resminamalary ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

On bir aýyň dowamynda ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklar, şanly seneler we halkara derejesinde geçirilýän çäreler mynasybetli birnäçe dabaralar guraldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hasabat döwründe ýurdumyzda birnäçe daşary döwletleriň Medeniýet günleri we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda daşary ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Türkmenistanyň döwlet sirkinde ýurdumyzyň artistleriniň çykyşlary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň sirk ussatlarynyň maksatnamalaýyn çykyşlary görkezildi.

Medeniýet ulgamynyň hünärmenleri dünýäniň birnäçe döwletlerinde iş saparlarynda bolup, dürli çärelere gatnaşdylar.

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, onuň çäklerinde milli sungatyň gülläp ösýändigini alamatlandyrýan dürli öwüşginli çykyşlar guraldy.

Teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işi döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 399 görnüşli kitap önümleri neşir edilip, meýilnama 133,7 göterim ýerine ýetirildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi. 1-2-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we medeniýetiň döwlet syýasatynyň esasy ynsanperwer ulgamy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň esasy guraly bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda oňyn tejribe toplandy. Munuň özi dünýäde türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmekde özüniň netijesini bermelidir. Mundan başga-da, medeniýet ulgamynyň düýpli maddy-enjamlaýyn üpjünçilik binýady döredildi, köpsanly teatrlar, kitaphanalar, täze okuw mekdepleriniň binalary, telewideniýäniň täze studiýalary guruldy.

Hormatly Prezidentimiz teleýaýlymlarda täsirli gepleşikleri guramak, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini doly beýan etmek we milli däplerimizi degişli derejede giňden wagyz etmek barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, olary dünýä ýüzünde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylyk derejesini güýçlendirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz taryhy ýadygärliklerimizi içgin öwrenmegiň hem-de dünýäde giňden wagyz etmegiň möhümdigini belläp, bu işleri talabalaýyk guramak barada degişli tabşyryklary berdi.

Aýdym-saz toparlarymyzyň we zehinli aýdymçylarymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň guralmagynyň möhümdigi babatynda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş we sport pudaklarynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

2017-nji ýylda neşir etmäge meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplarynyň hasabat döwründe 181-si çap edildi. Olaryň 79-sy orta mekdepler, 44-si ýokary we hünärment okuw mekdepleri üçindir. 58-si bolsa okuw gollanmalarydyr.

Ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 80 medal eýelediler we baýrakly orunlaryň, halkara Internet-olimpiadalarynda dürli derejelerdäki diplomlaryň 143-sine mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders olimpiadalarynda 28 medal eýelediler. Olar birnäçe Internet-taslamalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlaryň 171-sine mynasyp boldular.

Hasabat döwründe döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyna gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 107 göterime, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň önümlerini ýerlemekden we hyzmatlardan alnan girdejileriň ösüş depgini 110 göterime, derman önümçiliginiň ösüş depgini 103 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdejileriň ösüş depgini bolsa 110 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi türkmen türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde gazanan ägirt uly ýeňişlerinden ybaratdyr.

Ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 178-si, köpçülikleýin sport çäreleriniň 110-sy geçirildi. Şu döwürde türkmen türgenleri halkara sport bäsleşikleriniň 109-syna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Toýlyýewe tabşyryk bermek bilen, gyşky döwürde lukmançylyk gulluklarynda öňüni alyş çärelerine ünsi güýçlendirmegi wise-premýerden talap etdi. Bu babatda ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda alnyp barylýan düşündiriş işlerini artdyrmagyň, möwsümleýin keselleriň ýaýramazlygy üçin öz wagtynda düşündiriş çärelerini we sanjym işlerini geçirmegiň wajypdygyna üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer S.Toýlyýewe berk käýinç yglan etdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa hem soňky duýduryş bilen berk käýinç yglan edildi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň möhüm wezipeleriniň hatarynda senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek ýaly meseleleriň bardygyny belläp, bu işleriň ýokary hünärli işgärleriň täze nesliniň döredilmegini talap edýändigini belledi. Ýokary okuw mekdeplerinde degişli işgärleri, aýratyn-da, elektron, maliýe, oba hojalygy, senagat we beýleki ugurlar, şol sanda nebitgaz pudagy boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça okuw maksatnamalary kämilleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu maksatnamalarda amaly we umumy sapaklary geçirmegiň döwrebap usullarynyň taýýarlanmagy, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň daşary ýurtlarda tejribe geçirmekleri göz öňünde tutulmalydyr. Bilim ulgamynda, zähmet we iş bazaryny kemala getirmekde öňdebaryjy milli we halkara tejribeleriniň öwrenilmeginiň, olaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Toýlyýewe bu ugurda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabaty taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisine hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maksatlaryny we wezipelerini hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň 11 aýynda geçirilen işler barada habar berdi.

Hasabat döwründe Mejlisiň 8 maslahaty geçirildi. Şol maslahatlarda jemi 194 resminama , şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 111-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 83-si kabul edildi.

Mejlis halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde BMG-niň iri guramalary we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürýär, daşary ýurtlaryň milli kanun çykaryjy düzümleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň pugtalandyrýar.

Milli Liderimiz kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň häzirki taryhy eýýamyň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, dünýäniň iň oňat kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenip hem-de düýpli seljerip, soňra ony hereket edýän milli kanunçylyga kybap getirip ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz geljek ýyl Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary barada aýdyp, olaryň bäsdeşlik, aç-açanlyk we aýanlyk esasynda geçmelidigini, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu ýörelgäniň iň mynasyp adamlaryň saýlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Şeýle esasda saýlanylan adamlar Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyna hem-de gülläp ösüşine gönükdirilen uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge öz ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrman tagalla etmäge ymtylýan adamlar bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan Ministrler Kabinetiniň teklipleri hasaba alnyp, Lebap welaýatynyň dolandyryş – çäk bölünişini kadalaşdyrmak boýunça resminamalary taýýarlamak işleriniň möhümdigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle işleri geçirmegiň zerurdygyna milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy G.Gylyjow gurluşyk işlerine geçirilen seljerme çäreleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň binalarynyň netijeli peýdalanylmagyny, onuň sport desgalarynda raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmegini üpjün etmek boýunça meselelere ünsi çekdi. Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky Baş müdirlik dolandyrar.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarynyň bu ýerde tälim almaklary we tejribe toplamaklary üçin zerur guramaçylyk işleriniň geçirilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary bolsa amaly tarapdan bilim alarlar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň isleg bildirýän sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin şertleri döretmäge üns bermelidigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe ýüzlendi we gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe kemçiliklere ýol berlendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurýandygyny belledi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow IIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň ilatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde hem-de Energetika ministrliginiň düzümlerinde geçirilen seljermeleriň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly işleriň şunuň ýaly ýagdaýyna ýol berilmeli däldigini nygtap, degişli ýolbaşçylardan ýagdaýy düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin energetika ministri Ç.Pürçekowa käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Ykdysady jenaýatçylyklara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol birnäçe ministrliklerde we pudak edaralarynda seljerme işleriniň geçirilendigi barada maglumat berdi.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba we suw hojalyk, Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň düzümlerinde we bölümlerinde geçirilen seljerme işleriniň barşynda birnäçe jogapkär adamlaryň gulluk wezipelerinden hyýanatly peýdalanandyklarynyň, parahorlugyň we korrupsiýanyň ýüze çykarylandygy, şunlukda ägirt uly maddy zyýanyň ýetirilendigi bellenildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça jemgyýetimizde parahorlugy we korrupsiýany köki-damary bilen ýok etmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Akmämmedowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatdy.

Bu ministrligiň we Pensiýa gaznasy müdiriýetiniň başlygy wezipelerine ýolbaşçylygy wagtlaýyn ýerine ýetirmek ministriň orunbasary M.Sylapowyň üstüne ýüklenildi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Bäşimowa we Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy T.Paşiýewe käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, ähli ýolbaşçylara ýene bir gezek ýüzlenip, korrupsiýa we parahorluga garşy barlyşyksyz göreş alnyp baryljakdygyny belledi hem-de bu ýaramaz ýagdaýyň soňuna çykmak babatda çynlakaý alada etjekdigini aýtdy.

Bu ýagdaýyň ykdysadyýetimizden başlap, ruhy durmuşymyza çenli, dürli ugurlarda öz örän ýaramaz täsirini ýetirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Parahorluk we korrupsiýa döwlet edaralaryny we jemgyýetimizi ýaramaz derejä ýetirýär. Netijede, ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär, döwletiň ösmeginiň ýolunda düýpli päsgelçilikler döreýär.

Eýeleýän wezipesine garamazdan, döwlet gullukçylarynyň hukuga garşy amala aşyran şeýle hereketleriniň örän berk öňüni aljakdygymy siziň ähliňize ýene-de bir gezek duýdurýaryn. Parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlaryň kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekjekdigini ýatladýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, kanunlarymyza gaýtadan seredip, olarda parahorluk we korrupsiýa üçin beriljek jezalary has berkitmegiň zerurdygyny belledi. Parahorlar we korrupsiýa baş goşan, olaryň hasabyna baýamagy niýet edinen adamlar babatda günä geçmek çäresini ulanmagy ýatyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Eger şeýle zerurlyk bolsa, biz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň işgär sanyny artdyrarys.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen on bir aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garady we ýurdumyzyň içerki syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, geljek ýylda öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýylyň başyndan bäri milli ykdysadyýetimizde gazanylan ösüş depgini diňe bir degişli derejede saklanman, eýsem ol ýokarlandy. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,5 göterime ýetirildi. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça on bir aýda önümçiligiň möçberleriniň ösüşi bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri köpeldi. Ýurdumyzda köp sanly önümçilik we durmuş maksatly täze desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, dürli önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 6,1 göterim artdy. Şol önümleriň arasynda sement, pagta süýümi hem-de beýleki harytlar bar. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň we materiallaryň möçberi 21 göterime golaý azaldy. Çig malyň, materiallaryň, azyk we azyk däl harytlaryň getirilýän möçberleriniň azalmagyna, bu harytlaryň özümizde öndürilişiniň artdyrylmagy ep-esli derejede täsir etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bar bolan uly mümkinçilikleri, ätiýaçlyk serişdelerini göz öňünde tutup, önümleriň täze görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk-de ýola goýulmalydygyny belledi.

On bir aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeleriň kanagatlanarlydygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz yhlas bilen, netijeli işlemegi dowam etmegiň, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine häzirden düýpli taýýarlyk görmegi, gazanylan netijeleri seljerip, ýol berlen kemçiliklere seretmegi, haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny kesgitlemegi tabşyrdy. Her ýolbaşçy öz ýolbaşçylyk edýän pudaklaryndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklamalydyr, kabul edilen meýilnamalaryň nähili ýerine ýetiriljekdigini, haýsy desgalaryň guruljakdygyny, esasan hem, haýsy möhletlerde ulanmaga beriljekdigini anyk bilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bar bolan ähli kynçylyklara garamazdan, täze 2018-nji ýylda ýurdumyzy häzirki ýaly ýokary depginler bilen ösdürmek wezipesiniň durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigini belledi. 2018-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň, şeýle hem, ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznanyň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Geljek ýylda giň möçberli gurluşyk işlerini alyp bararys, täze ýollary, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri we beýleki desgalary gurmagy dowam ederis. Ýurdumyzyň energetika, nebitgaz we senagat pudaklaryny, telekeçilik ulgamyny ösdüreris. Biziň eziz halkymyzyň bähbidine alyp baran we alyp barýan ähli işlerimiz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Eksporty artdyrmak meselesiniň esasy wezipedigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermek, bilelikdäki kärhanalary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik düzümlerini döretmek işlerine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ykdysadyýetimizde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy, hususylaşdyrmagyň sanawyna döwlete degişli aýratyn energetika, ulaglar we aragatnaşyk kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem beýleki köp sanly desgalary goşmagy tabşyrdy.

Döwlete dahylly bolmadyk pudagyň kärhanalarynyň netijeli işlemegi üçin hususylaşdyrmak ýagdaýyny çaltlandyrmagyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazarlaryny guramak we açyk söwdalary ýola goýmak işleriniň onuň esasy usullary bolmalydygyny belledi.

Ykdysadyýetimiziň önüm öndürilýän pudaklarynda esasy wezipe bazar institutlaryny berkitmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden, hususy işjeň başlangyçlary höweslendirmekden ybaratdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maýadarlar üçin has özüne çekiji boljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, şu ýagdaýlary taýýarlanýan kanunlarda beýan etmegiň, bu kanunlary kabul etmezden öň Ministrler Kabinetiniň mejlislerine hödürlemegiň we ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny belledi. Biz Ýaşulular maslahatynda kabul edilen, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna — ösüşiň täze ykdysady nusgasyna aýratyn üns bermeli. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gurluş özgertmeleriniň esasyny goýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde örän jogapkärli wezipeleriň durýandygyny ýene bir gezek belledi. Olary ýerine ýetirmek siziň mukaddes borjuňyzdyr. Biz näçe gowy işlesek, mähriban halkymyz şonça-da gowy ýaşar, Garaşsyz Watanymyzyň abraýy şonça-da belende göteriler diýip, milli Liderimiz belledi.

Wise-premýerler B.Annameredowa, O.Gurbannazarowa, S.Toýlyýewe Hökümet agzalary bilen maslahat geçirmek we mejlisde gozgalan ähli meselelere garamak hem-de kemçilikleri düzetmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady, hemmelere özygtyýarly Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň