Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda 697 tussagyň günäsi geçildi

02:4509.12.2017
2
5160

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna günündäki giňişleýin mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutany Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tussaglykda ýatan 697 adamyň günäsini geçdi. Bu barada TDH-nyň resmi saýtynda berilýän habarda şeýle diýilýär:

"Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň