Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy

23:5808.12.2017
0
5620

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi.

On bir aýyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy. Sarp edilýän harytlaryň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary geçen ýylyň dekabr aýynyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim artdy.

Hasabat döwründe durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 78,9 göterimi gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,9 göterim köpeldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň