Howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara surat bäsleşigi yglan edildi

23:0308.12.2017
0
2076

Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkezi fotosuratlaryň bäsleşigini yglan etdi. Oňa professional suratçylardan başlap, surat sungatynyň höwesjeň wekillerine çenli gatnaşyp biler. Düşürilen suratlarda tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler esasy tema edilip alynmaly. Surat bäsleşigine Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan hem gatnaşmaga mümkinçilik bar.  4-nji dekabrda yglan edilen bäsleşik 2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda jemlener. Bäsleşige gatnaşyjylar öz suratlaryny üç ugur boýunça hödürläp bilerler. Bäsleşige http://climate.carececo.org/ internet salgysy boýunça gatnaşyp bolýar.

Eminler hödürlenen eserleriň içinden iň gowy 50 eseri saýlap alyp, ýeňijilere 24-25-nji ýanwar senelerinde Almaty şäherinde (Gazagystan) baýraklar gowşurylar. Şol günlerde howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara maslahat geçiriler.


 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň