Arhiw

Ertir Ýokary ligada XXXV tapgyryň duşuşyklary geçiriler

22:2508.12.2017
0
982

Ýaryşyň 35-nji tapgyrynyň ähli duşuşyklary bir günde, bir wagtda geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşyklaryň ählisini 14:00-da başlamagy meýilleşdirýär. "Turan" toparynyň dynç aljak tapgyrynda duşuşyklaryň ikisi paýtagtda, biri Türkmenbaşy, biri Baýramaly şäherinde geçiriler. Şu tapgyrda "Şagadam" bilen myhmançylykda oýnajak "Altyn asyr" ýeňiş gazansa, "Merw" — "Ahal" duşuşygynyň netijesine garamazdan, ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, "aragatnaşykçylar" bassyr dördünji çempionlygyna gowşar we AFK-nyň kubogy — 2018-e göni toparçadan girişmäge hukuk gazanar.

Tapgyrdaky galan duşuşyklaryň hem ykbaly biri-birine bagly. Çünki ýaryş tertibinde "Balkan" — "Aşgabat" — "Energetik", şeýle hem "Merw", "Köpetdag" toparlarynyň arasynda bary-ýogy 3 utuk bar. Şonuň üçin ýeňiş ýa utulyş ahyrky tapgyrlaryň biridigine garamazdan, ýaryş tertibiniň ýagdaýyny üýtgedip biler.

09.12.2017 (şenbe)

“Şagadam” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş)

Geçirilýän wagty: 14:00

Iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw – 0:0

Ikinji aýlaw – 0:2

Üçünji aýlaw – 1:3                                                  

                       

 “Köpetdag” – “Balkan”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Geçirilýän wagty: 14:00                                        

Iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw – 1:2

Ikinji aýlaw – 1:3

Üçünji aýlaw – 2:2                                             

                                                              

“Aşgabat” – “Energetik”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)           

Geçirilýän wagty: 14:00                                        

Iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw – 1:2

Ikinji aýlaw – 2:1

Üçünji aýlaw – 1:0

                                                                             

“Merw” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Sport desgasy” stadiony (Baýramaly ş)

Geçirilýän wagty: 14:00                                        

Iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw – 1:5

Ikinji aýlaw – 0:3

Üçünji aýlaw – 0:3

Dynç: “Turan”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň