AFK-nyň kubogy — Türkmenistanyň futbol toparlaryna täze halkara mümkinçilik

22:1008.12.2017
0
2654

Türkmenistanyň çempiony AFK-nyň kubogy ugrundaky bäsleşige 2018-nji ýylyň 7-nji martynda myhmançylykdaky duşuşygy bilen başlar. Ýene-de sanlyja günden kesgitlenjek ýurdumyzyň çempionynyň birinji garşydaşy Gyrgyz Respublikasynyň çempiony Oş şäheriniň “Alaý” topary bolar.

Türkmenistanyň çempionyndan başga toparçalaýyn bäsleşikde Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Alaý”, Täjigistanyň futbol çempionatyny birinji hatarda tamamlan “Istiklol” toparlary çykyş eder. Merkezi Aziýa sebitine degişli toparlaryň düzýän toparçanyň dördünji wekili pleý-off oýunlaryndan soň belli bolar.

Täjigistanyň wise-çempiony hem-de kubogynyň eýesi “Hujand” topary AFK-nyň kubogyna pleý-off tapgyrynda goşular. Onuň garşydaşy bolsa deslapky tapgyrda duşuşjak Gyrgyz Respublikasynyň kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” hem-de ýakyn günlerde kesgitlenjek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň weise-çempionynyň arasyndaky duşuşygyň netijesi boýunça belli bolar.

AFK-nyň Merkezi Aziýa zolagyndaky toparçalaýyn bäsleşigine 7-nji martda badalga berlip, ol 16-njy maýa çenli dowam eder. Toparçanyň ýeňijisi ýaryşy dowam etmäge hukuk gazanar. AFK kubogynyň final duşuşygy 2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçiriler.

 

AFK kubogy-2018

“D” toparça. Merkezi zolak

 

1-nji tapgyr

7-nji mart (çarşenbe)

“Istiklol” (Täjigistan) – Pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) – Türkmenistanyň çempiony

 

2-nji tapgyr

14-nji mart (çarşenbe)

Türkmenistanyň çempiony – “Istiklol” (Täjigistan)

 Pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi – “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

 

3-nji tapgyr

11-nji aprel (çarşenbe)

“Istiklol” (Täjigistan) – “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

Pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi – Türkmenistanyň çempiony

 

4-nji tapgyr

25-nji aprel (çarşenbe)

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) – “Istiklol” (Täjigistan)

Türkmenistanyň çempiony – Pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi

 

5-nji tapgyr

2-nji maý (çarşenbe)

Pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi – “Istiklol” (Täjigistan)

Türkmenistanyň çempiony – “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

 

6-njy tapgyr

16-njy maý (çarşenbe)

“Istiklol” (Täjigistan) – Türkmenistanyň çempiony

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) – Pleý-off duşuşygynyň ýeňijisi

Habaryň çeşmesi:  “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň