Soňky habarlar

Archive news

Abdullah KURBANI: "Ankaranyň türk dünýäsi saz toparymyz bilen Türkmenistanda entäk köp gezek çykyş ederis"

00:2407.12.2017
0
237
Abdullah KURBANI: "Ankaranyň  türk dünýäsi saz  toparymyz bilen Türkmenistanda entäk köp gezek çykyş ederis"
Türkiýe döwletiniň medeniýet günleriniň çäginde Ankara şäherinden gelen döwlet ansambly özleriniň täsin sazlary, aýdymlary bilen tomaşaçylary haýrana goýdy. Elbetde, şol täsin eserleri halk köpçüligine ýetirmekde irginsiz zähmet çekýän topar bilen gyzyklanmazlyk mümkin däl. Saz topary baradaky maglumatlary olaryň çeper ýolbaşçysyndan diňlemeg-ä has ýakymly. Abdullah Kurbani: - Ilki bilen-ä, özümiň ýene Türkmenistandalygyma şatlygymyň çäksizdigini aýdasym gelýär. Medeniýet günleri barada aýdanymda bolsa, bu ilki bilen iki halkyň dostana gatnaşyklarynyň netijesi. Ankaranyň türk dünýäsi saz toparymyz 2000-nji ýylyň aprelinde, Ali Özaydiniň ýolbaşçylygynda döredilýär. Häzirki wagtda toparymyzy ussat sazandalar, aýdymçylar, ýagny Çiğdem Gürdal, Seher Çağatay, Alper Kiraç dagylar düzýär. Saz toparymyz birnäçe konsertlerde, Telewideniýe gepleşiklerinde, ýurt içindäki we daşary ýurtlarda yzygider çykyş edýär. Geljekde-de, türkmenistanlylary özümiziň täze eserlerimiz bilen begendirip durarys.
gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň