Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyny 6 medal bilen tamamlady

10:3606.12.2017
0
2669

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Amerikanyň Birleşen Şatatlarynda geçirilen dünýä çempionatyny 6 medal, şol sanda 4 kümüş, 2 bürünç medal bilen tamamlady. Milli ýygyndymyzyň hatarynda zenan türgenleriň ikisi, erkek türgenleriň bolsa üçüsi çykyş edip, 5 türgeniň ikisi dünýä çempionatynyň medallaryna mynasyp boldular. Dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň görkezijileri bilen gysgaça tanyş bolalyň:

1. Ýulduz Jumabaýewa, 48 kilogram, itekläp götermekde 95 kilogram, ilkinji 20-lige girdi;

2. Kristina Şermetowa, 53 kilogram, umumylykda 204 kilogram, kümüş medal;

3. Rejepbaý Rejebow, 77 kilogram, umumylykda 352 kilogram, kümüş medal;

4. Daýanç Aşyrow, 85 kilogram, ------

5. Hojamuhammet Toýçyýew, 105 kilogram ýokary, umumylykda 415 kilogram, 9-njy orun.

Bu netijelerden soňra, türkmen türgenleri dünýäniň 68 döwletinden 328 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen dünýä birinjiligini 12-nji orunda tamamladylar.

Mälim bolşy ýaly ýaly, Halkara agyr atletika federasiýasynyň çözgüdi bilen, 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň