Soňky habarlar

Arhiw

Okuw-maslahatyň ikinji gününde amaly sapaga üns berildi

10:2506.12.2017
0
1200

Aşgabat şäherinde dowam edýän FIFA-nyň eminlik ediş okuw-maslahatynyň ikinji güni teoriýa sapaklary bilen birwagtda futbol meýdançasyndaky amaly sapaga hem uly üns berildi.

Günüň birinji ýarymynda “Köpetdag” stadionynyň konferensler zalynda geçirilen okuw-maslahatynda ýörite gurnalan ekranda FIFA-nyň tehniki gözükdirijisi Walentin Iwanowyň gatnaşmagynda futbol meýdançasynda ýüze çykan ýagdaýlar barada seljeriş işleri geçirildi. Onda eminlerimizden düzülen toparlaryň bäşisi aýry-aýrylykda ýüze çykan ýagdaýdan baş alyp çykmaga synanyşdylar.

Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik meýdançalarynda geçirilen amaly sapakda eminlerimiz ýüze çykýan ýagdaýlary düzetmek barada ýerinde seljerme geçdiler.

6-njy dekabrda okuw-maslahatynyň dowamynda toparlaýyn ýumuşlar çözülip, oýnuň pursatlaryna seljerme geçiriler. Şondan soň bolsa okuwlar futbol meýdançasyndaky amaly sapaklar bilen dowam eder.

Ýurdumyzyň eminleri bilen okuw-maslahaty geçirmek üçin FIFA-nyň eminlik ediş boýunça tehniki gözükdirijisi Walentin Iwanowyň (Russiýa Federasiýasy) we fitnes gözükdirijisi jenap Ganesan Maniamyň (Singapur Respublikasy) paýtagtymyza gelendiklerini ýatladýarys.

Habaryň çeşmesi: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň