Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 11 aýda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi

03:4206.12.2017
0
8356

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň 11 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

... Ir bilen Gornamk ministrligine degişli harby bölümleriň birinde iň täze ýörite tehnikalar bilen tanyşdy. Bu tehnikalar harby birikmäniň ygtyýaryna gelip gowuşdy.

Türgenleşik meýdançasynda ýörite maksatly topar söweşjeň başarnyklaryny, bronly tank bölümleriniň söweşjeň maşynlary bolan tanklar, bronly tehnikalar, söweşjeň guryýer tehnikalary bolsa, marşly sürülişini görkezdiler.

Soňra harby birikmäniň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan harby özgertmeleri öňe ilerletmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylyşy,  içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň 11 aýynda hukuk tertibini saklamak we hukuk düzgün bozulmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen alnyp barlan anyk işler, Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de hasabat döwründe Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler,  Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler, Baş prokuror B.Atdaýew ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine zerur gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçirilen işler, milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow şu ýylyň hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän ministrliginde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew edaranyň döredilen gününden bäri geçirilen işleriň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy hereket etmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin görlen toplumlaýyn çäreler, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň 11 aýynda gümrük edaralarynyň alyp baran işleri, şol sanda gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň bölümlerini serhetden geçýän ýükleri has düýpli gözden geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, Adalat ministri B.Muhammedow hasabat döwürnde ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda görlen çäreler barada hasabat berdiler.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Baş prokuror B.Atdaýewe hem-de Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe Goranmak ministrliginiň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti hünär ugry boýunça üstünlikli tamamlandyklary baradaky degişli diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň