Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň bilelikdäki 9-njy mejlisi geçirildi

23:5905.12.2017
0
4641

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň bilelikdäki 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ykdysadyýet, ylym we barlag federal ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessigiň baştutanlygyndaky Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýokary wezipeli wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar, 2016-njy ýylyň sentýabrynda Wena şäherinde soňky geçirilen mejlisiň teswirnamasy bilen berkidilen toparyň tekliplerine laýyklykda geçirilen işleriň netijelerine seljerme berildi.

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň hem-de maýa goýmagyň dürli ulgamlarynda, ýokary tehnologiýalar pudagynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.

Toparyň agzalary hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegiň bardygyny nygtap, özara hereket etmegiň täze görnüşlerini tapmagyň zerurdygy barada pikire geldiler, gün tertibinde öňe sürlen iki ýurduň işewür jemgyýetçiliginiň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Wenada açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň işi bellenildi. Wekilhana ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasynda baglaşdyryjy halka bolmaga, eksport-import amallarynyň we özara iberilýän harytlaryň möçberleriniň hem-de hyzmatlaryň artmagyna, iki döwletiň hojalyk edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri seýsmiki beketleriň operatorlaryny tehniki taýdan taýýarlamak boýunça maksatnamalara, “Ferien-Messe” iri syýahatçylyk sergisine, mugallymlaryň hünärini ýorkarlandyrmak okuwlaryna, lukmançylyk maslahatlaryna hem-de okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin Wenada boldular.

Bu dostlukly ýurduň wekiliýetleri hem-de Awstriýanyň kompaniýalary-da 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty, 2017-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy şäherinde ulag we logistika boýunça halkara maslahaty, pudaklaýyn sergiler we maslahatlar ýaly iri halkara çärelerine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerine gönüden-göni ýardam berýän Awstriýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Söwda wekilhanasy netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli işleri bitirýär.

Bularyň ählisi uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmäge, Türkmenistanda önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga, azyk we beýleki önümleri ösdürmek üçin enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Toparyň şu günki mejlisinde energetika, ulag we logistika, gurluşyk hem-de infrastrukturalar, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, syýahatçylyk, bilim, maglumat tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Dürli maslahatlarda pudak ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren görkezmeleri babatda jemagat hojalygynda ekologiýa tehnologiýalaryna aýratyn uly üns berildi.

Duşuşykda garalan beýleki meseleleriň hatarynda senagat we dag-magdan işi, importyň ýerini tutmak we eksporty höweslendirmek boýunça döwlet maksatnamalary ýaly meseleler boldy. Medeni-ynsanperwer ulgamda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işi bellenildi. Bu jemgyýet ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar, Aşgabatda Wena ballaryny yzygiderli guraýar.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň indiki, 10-njy mejlisi 2018-nji ýylda Awstriýa Respublikasynda geçirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň