Arhiw

Kuraş boýunça Stambulda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de iki medal eýeledi

09:4805.12.2017
0
7164

Adatça, birinjiligiň ahyrynda agyr we has agyr agram derejede medallar üçin bäsleşildi. Biziň türgenlerimiz ýaryşlarda baýrakly oýunlary eýelänleriň hataryna goşuldylar. 81 kilogram agram derejede çykyş eden Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Daýanç Ömürow ikinji orna mynasyp boldy.

Şeýle hem şol institutyň talyby Hudaýberdi Jumaew 100 kilogram agram derejede çykyş edip, bürünç medaly eýeledi.

Bu gezekki dünýä çempionatynda türkmenistanlylar dokuz medala: iki kümüş we ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň 6-syny erkekler topary, üçüsini bolsa zenanlar topary gazandy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň soňky aýynyň ilkinji günleriniň türkmen türgenleri üçin örän şowly bolandygyny bellemek gerek. Olar birbada iri halkara ýaryşlarynyň üçüsinde çykyş etdiler. Kuraş boýunça dünýä çempionatyndan başga-da biziň ildeşlerimiz Minskide geçirilen söweşjeň sungatlar VII Halkara oýunlaryna we ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä birinjiligine gatnaşdylar. Ol ýaryşlaryň her birinde türkmenistanlylar hormat münberine birnäçe gezek galdylar.

Uzak yklymda, ABŞ-da Türkmenistanyň zenanlar agyr atletikasynyň taryhynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa ilkinji gezek dünýä çempionatynyň medallaryna mynasyp boldy. 53 kilograma çenli agram derejede geçirilen bäsleşiklere 23 türgen zenan gatnaşdy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdi 24 ýaşly dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edýän türgen üç medala – birden we itekläp götermekde iki bürünç we iki görnüşiň jemi boýunça bir kümüş medala eýe boldy.

Şondan bir gün soň 25 ýaşly at gazanan sport ussady, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çempiony, 77 kilograma çenli agram derejede – birden, itekläp götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça üç kümüş medala mynasyp bolan Rejepbaý Rejepow türgenlerimiziň ýeňiş dabarasyny dowam etdi. Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary jemi 6 medala – 4 kümüş we 2 bürünç medala eýe boldular.

Belarusyň paýtagtynda tamamlanan söweşjeň sungatlary VII Halkara oýunlarynda türgenlerimiz taekwondonyň (ITF) olimpiýa däl görnüşi boýunça hem şonça medala mynasyp boldular. Emma bu oýunlarda türgenlerimiziň hasabynda 1 altyn medal hem bar we olar 5 bürünç medal gazandylar. Altyn medala Goşanyýaz Durdyýew (64 kilorgama çenli agram derejesinde) mynasyp boldy, bürünç medallary bolsa Russiýa Federasiýasyndan tejribeli türgeni finalda ýeňen Abdyrahman Hasanow, Mähri Agaýewa (51 kilograma çenli agram derejesinde), Orazmyrat Çaryýew tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşinde bürünç medallary eýelediler. Goşanyýaz Durdyýewden, Orazmyrat Çaryýewden, Gaýgysyz Atabaýewden, Annamyrat Goşanyýazowdan we Serdar Hydyrowdan ybarat Türkmenistanyň ýygyndy topary toparlaýyn maşklarda (tuli) we toparlaýyn sparringlerde ýene iki bürünç medala mynasyp boldy.

Şeýlelikde, iri halkara ýaryşlarynyň bary-ýogy dört gününiň dowamynda türkmen türgenleri 21 medal gazandylar.

Ildeşlerimiz, geljekde hem rowaçlyk hemraňyz bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň