Arhiw

"Galkan" futzal boýunça Aşgabadyň açyk çempionatynyň çempiony boldy

13:2604.12.2017
0
2762

Futzal boýunça Aşgabat şäheriniň Açyk çempionatynyň jemleýji tapgyrynyň öňüsyrasy ýaryş tablisasynyň öňdäki ornuny eýeleýän toparlaryna diňe ýeňiş gazanmak gerekdi. “Senagatbank” bilen duşuşan “Talyp Sport” öz öňünde duran wezipäniň hötdesinden gelmegi başardy — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.

Indi nobat Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” toparynyňkydy. “Galkanyň” jemleýji tapgyrdaky garşydaşy soňky pursada çenli göreşmäge taýýar bolan ýaş hem-de ezber oýunçylardan düzülen “Milli goşun” toparydy.

Bu duşuşygyň ilkinji minutlary “Galkanyň” hüjümlerinde geçdi. Olaryň duşuşygyň ilkinji minutlarynda derwezä geçiren topy hem ýeňşe bolan mümkinçiliginiň has ýokarydygyny görkezdi. “Galkanyň” birinji topuny Parahat Garaýew öz adyna ýazdyrdy.

Şondan soň azda-kände artykmaçlyk “Milli goşunyň” tarapyna geçdi. Toparyň iň ökde oýunçylarynyň biri bolan Serdar Annamämmedowyň birinji ýarymyň 8-nji minutynda iki oýunçynyň deňinden geçip, derwezä gönükdiren pökgüsi biraz sowa geçdi. Ýöne şondan soň hüjümini has-da artdyran “Milli goşun” Serdar Annamämmedowyň ussatlyk görkezmegi netijesinde hasaby deňlemegi başardy. Birinji ýarymyň tamamlanmagyna 3 minut çemesi wagt galanda milli ýygyndymyzyň oýunçysy Öwezbaý Muhammetmyradow “Galkany” öňe saýlady. Şu hasap bilen toparlar arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarymda toparlar hüjümlerini has-da artdyrdylar. Geçirilen hüjümleriň aglabasynyň “Milli goşunyň” derwezesiniň öňünde howply pursatlary döredendigini bellemek gerek. Ikinji ýarymyň 7-nji minutynda Minar Gadamow howply pursady gola öwrüp, hasaby 3:1-e çykardy. Geçirilen goldan soň “Milli goşunyň” birnäçe howply pursatlary döredendigini aýratyn aýtmak gerek. Duşuşygy ýokary derejede geçiren Serdar Annamämmedowyň howply urgusy, Karen Arutýunowyň depen topunyň sütüne degendigi hem “Milli goşunyň” hem oýny öz peýdasyna tamamlamaga mümkinçiliginiň bolandygyny görkezýär. Ýöne muňa garamazdan, “Galkan” hüjümde ussatlygyny görkezdi. Toparyň ezber oýunçysy Öwezbaý Muhammedowyň, Berdi Hotdyýewiň hem-de Çoluk Çolukowyň gollary “Galkanyň” çempionlygyny ýeňiş bilen tassyklandygynyň şaýady boldy. Duşuşygyň soňky goluny Serdar Annamämmedow öz adyna ýazdyrdy. Netijede 6:2 hasabynda ýeňiş gazanan “Galkan” çempionlyk derejesini gazandy.

Günüň üçünji duşuşygynda “Deňizçi” “Gümrükçi” toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň